Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýada bir harby uçar ýaşaýyş kompleksine gaçdy


Indoneziýanyň resmileri penşenbe güni paýtagt Jakartada bir harby uçaryň ýaşaýyş kompleksine gaçmagy netijesinde azyndan 6 adamyň ölüp, onlarça adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Resmileriň maglumatyna görä, “Fokker-27” kysymly bu harby uçar adaty türgenleşik uçuşy wagtynda näbelli sebäbe görä şäheriň bir ýaşaýyş kwartalyna gaçypdyr.

Heläkçiligiň bolan wagty uçaryň içinde ýedi adamyň bolandygy aýdylýar. Emma olardan diri galanynyň bardygy ýa ýokdugy barada maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG