Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Breýwikiň aklawçylary onuň psihiki taýdan sagdygyny aýdýarlar


77 adamy öldürendigini boýun alýan norwegiýaly Anders Breýwikiň aklawçylary onuň psihiki taýdan sagat adam hökmünde kabul edilmelidigini aýdyp, çykyş etdiler.

Breýwikiň özi geçen ýylyň iýulynda Oslo şäherindäki partlamada we şäheriň golaýyndaky adada 77 adamy öldürendigini boýun alýar.

Hepdäniň penşenbe güni geçirilen sud diňlenişiginde prokuratura işgärleri Anders Breýwikiň psihiki taýdan näsagdygyny aýdyp, oňa ruhy hassahanada bejergi berilmelidigini öňe sürdüler.

Emma Breýwikiň aklawçylary onuň ganhorluk duýgusy bilen däl-de, eýsem aşa syýasy garaýyş esasynda hereket edendigini aýdyp, onuň psihiki taýdan sagdyn adam hökmünde kabul edilmegine aýak direýärler. Indi bu mesele boýunça suduň gutarnykly karar çykarmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG