Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürdäki saýlawlaryň netijesi ýekşenbe güni yglan ediler


Şenbe güni Müsüriň Merkezi saýlaw komissiýasy geçen dynç alyş günleri geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň resmi netijesiniň şu ýekşenbe güni yglan ediljekdigini mälim etdi.

Geçen hepde Müsürde geçirilen ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda “Musulman Doganlygy” partiýasyndan kandidat Mohammad Mürsi bilen ýurduň ozalky premýer-ministri Ahmed Şafik özara bäsleşdi.

Saýlawlaryň netijesiniň heniz yglan edilmändigine garamazdan, olaryň her biri özleriniň ýeňiş gazanandygyny tekrarlaýarlar.

Bu wakanyň fonunda şenbe güni Kairiň merkezinde öň müňlerçe adam saýlawlaryň netijesiniň haýdan-haý yglan edilmegine hem-de harby geňeşiň häkimiýetden gitmegine çagyryş edip, demonstrasiýa geçirdi.
XS
SM
MD
LG