Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Wladimir Putin palestinalylar bilen gepleşik geçirýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Bethlehem şäherine sapar edýär.

Putiniň Palestina awtonomiýasynyň baştutany Mahmud Abbas bilen gepleşikler geçirmegine garaşylýar. Saparyň dowamynda eýýäm dört ýyl bäri petige dirän Palestina-Ysraýyl ýaraşyk gepleşikleriniň hem maslahat ediljekdigi aýdylýar.

Orsýet Ýakyn Gündogar boýunça parahatçylyk gepleşiklerini alyp barýan “dörtlügiň” agzasydyr. Bu topara ýene-de ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we BMG girýär.

Putiniň regiona sapary duşenbe güni başlanyp, ol ilki Ysraýyla barypdy.

Sişenbe güni giçlik Putiniň Iordaniýa sapar etmegine garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG