Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdadyň etegindäki partlamalarda azyndan ýedi adam öldi


Çarşenbe güni Yragyň paýtagty Bagdadyň eteginde iki sany minanyň partlamagy netijesinde azyndan 7 adam öldi.

Ýerli polisiýanyň maglumatyna görä, çarşenbe güni irden Bagdadyň etegindäki bir ýaşaýyş jaýynyň golaýynda bir mina partlanda, partlamanyň bolan ýerine ýerli adamlar üýşende, ikinji partlama amala aşyrylypdyr.

Wakada azyndan 7 adamyň ölüp, 20 töweregi adamyň hem ýaralanandygy habar berilýär.

Yragyň resmileri 2006-2007-nji ýyllardakylar bilen deňeşdirilende, partlamalaryň sanynyň soňky wagtlar görnetin azalandygyny aýdýarlar.

Emma, diňe soňky iki hepdäniň dowamynda Yrakdaky hüjümleriň netijesinde 180-den gowrak adamyň öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG