Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: 31 ýyl tussaglykda oturan hindi raýaty azatlyga goýberildi


Pakistanyň häkimiýetleri Hindistanyň bähbidi üçin içalyçylyk edenlikde aýyplanyp tussag edilen we 31 ýyl tussaglykda oturan Surjiit Singhi penşenbe güni azatlyga goýberdi.

Häzir 69 ýaşan Surjiit Singh 1981-nji ýylda Pakistanyň Lahor şäherinde tussag edilipdi.

Ýakynda Pakistanyň Adalat ministrliginiň resmileri Surjiit Singhe berlen “ömürlik tussaglyk” diýilýän möhletiň tamamlanandygyny we onuň Hindistana ugradyljakdygyny mälim edipdiler.

Ýöne Hindistanyň bu raýatynyň anyk nähili ýagdaýda tussag edilendigi barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG