Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň sudy Karadiçe bildirilýän aýyplamalardan birini ýatyrdy


Penşenbe güni BMG-niň Hagadaky halkara sudy tussaglykdaky bosnýaly serb resmisi Radowan Karadiçe genosid bilen bagly bildirilýän aýyplamalardan birini ýatyrdy.

Hususan-da, sud 1992-nji ýylda Bosnýadaky serb güýçleriniň milleti serb bolmadyk adamlary ýaşaýan ýerlerinden göçürmek we olary öldürmek bilen baglanyşykly edilen işleri genosid hökmünde häsiýetlendirmek üçin ýeterlik esasyň ýokdugyny aýtdy.

Emma oňa 1995-nji ýylda Bosnýanyň Srebrenisa obasynda 8 müň töweregi parahat ýaşaýjynyň öldürilmegi bilen baglanyşykly bildirilýän genosid aýyplamasy heniz öz güýjünde galýar.

Radowan Karadiç 1996-njy ýyldan 2008-nji ýyla çenli aralykda halkara sudunyň gözleginden gizlenip ýaşady we 2008-nji ýylda ol Serbiýanyň häkimiýetleri tarapyndan ele salyndy.
XS
SM
MD
LG