Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Kolorado ştatyndaky ýangyn bolan ýerlere sapar etdi


Birleşen Ştatlaryň resmileri Kolorado ştatynda dowam edýän güýçli ýangynlarda azyndan iki adamyň ölendigini tassykladylar.

Bu tokaý ýangynlary Kolorado Springs şäheriniň günbatar raýonynda 7 müň gektara golaý territoriýany küle öwürdi we henizem güýçli depginde ýaýramagyny dowam etdirýär.

Ýurduň resmileri häzirki wagta çenli bu raýonda 300-den gowrak jaýyň ýanandygyny we 35 müňden gowrak ýaşaýjynyň ewakuasiýa edilendigini aýdýarlar.

Anna güni ýangyn heläkçiliginiň bolan käbir ýerlerine prezident Barak Obama hem sapar etdi. Ýurduň Federal derňew býurosy bu ýangynlaryň sebäplerini anyklamak boýunça derňew alyp barýar.
XS
SM
MD
LG