Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Islandiýanyň häzirki prezidenti bäşilenji möhlete saýlandy


Islandiýada şenbe günki geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky netijesi ýurduň häzirki prezidenti Olafur Ragnar Grimssonyň sesleriň sany boýunça öňde barýandygyny görkezýär.

16 ýyl bäri ýurda liderlik edip gelýän sosialist Grimsson şenbe güni ýene bäşilenji gezek prezidentlige dalaş etdi. Ol bu saýlawlarda ýurtda giňden tanalýan zenan žurnalist, 37 ýaşly Thora Arnordottir bilen bäsleşdi.

Islandiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy deslapky netijelere salgylanmak bilen, Olafur Ragnar Grimssonyň sesleriň 52.78 prosente eýe bolandygyny aýdýar.

Grimsson 2008-nji ýylda Islandiýany maliýe çökgünliginden çykaran lider hökmünde-de tanalýar.
XS
SM
MD
LG