Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewro 2012 tamamlandy, Ukraina tankytçylaryny tankytlaýar


Ýewro-2012-niň jemleýji futbol ýaryşy, Kiýew, 1-nji iýul, 2012.
Ýewro-2012-niň jemleýji futbol ýaryşy, Kiýew, 1-nji iýul, 2012.
Üç hepde ozal Ýewro 2012 futbol çempionaty başlanda, dünýä bu ýaryşyň geçýän ýurdy bolan Ukrainadan gowulyga garaşmaýardy.

Günbataryň media habarçylary bu ýurdy jynsparazlyk esasyndaky zorluklaryň, repressiýanyň mesgeni, çagşan infrastrakturaly ýer edip suratlandyrýardy.

Emma Kiýewde Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky jemleýji ýaryş Ispaniýanyň 4:0 utuşy bilen tamamlandy, hiç bir gowga, galmagal bolmady.

Marsin Paýatržik Ukraina eden şowhunly saparyndan, Britaniýanyň futbolçularynyň Şwesiýanyň oýunçularyny 3-2 hasabynda utuşyna tomaşa edip, Polşa gaýdyp barşyna, serhete golaýlaşdygyça öz ýanyndan barha köp ökünç duýdy.

Bütin saparyň dowamynda bolşy ýaly, onuň maşyny henizem polýak baýdagynyň mysalynda bezelendi. Emma ol, goňşy ýurda ilkinji saparynyň we Ýewro 2012 bäsleşiginiň geçýän ýeriniň hormatyna, öz kolleksiýasyna ukrain baýdagyny hem goşmagy umyt edipdi.

Ulagyna ýangyç guýmak üçin saklanan Paýatržigiň ýanyna, görnüşinden, onuň bilen pikirdeş bir adam geldi. Olar biri-biri bilen baýdak alyş-çalyş etdiler we surata düşdüler.

28 ýaşly krakowly söwdegär Paýatržik munuň myhmansöýer, mugtuna jaý we iýgi-içgi beren maşgalaly, güler ýüzli adamlardan doly şähere edilen sapar üçin ajaýyp soňlama bolandygyny belleýär.

“Biz köçede adamlaryň özümizi hakykatadanam gowy görýändigini duýup bilýärdik. Olar bize maşynlaryny düýdülledýärdiler, ýylgyrýardylar. Hakyky, çyndan hoşgylaw adamlardy. Belki-de bu biziň maşynymyzda polýak baýdagy bolany üçindir” diýip, Paýatržik aýdýar

Paýatržik özüniň beýleki ýewropa ýurtlarynyň hiç birinde ozal beýle zady görmändigini aýdýar we munuň beýleki ýurtlaryň ilatynyň hoşgylaw däldigini asla aňlatmaýandygyny, ýöne Ukrainanyň aýratyn üýtgeşik bolandygyny nygtaýar.

Suratlar: Kiýewde futbolyň dabaralandyrylyşy

8-nji iýunda Ýewropa futbol çempionaty başlanda günbatar metbugaty Ukrainany repressiw režim tarapyndan dolandyrylýan, jynsparaz we medenileşmedik, yzagalak, çeke durmaly post-sowet ýurdy hökmünde görkezmek üçin kampaniýa alyp barýardy.

Britan metbugaty öz janköýerlerini bu ýurtdan gaça durmaga çagyrdy we hatda Britaniýanyň ozalky futbolçylarynyň biri arkaly syýahatçylara “yzlaryna tabytda dolanmaklarynyň hem ahmaldygyny” duýdurdy.

Ýöne 1-nji iýulda Kiýewde Ispaniýa Italiýany 4:0 hasabynda utdy, emma ol ýerde jynparazlyk esasynda uruş-gowga ýa-da kopçülikleýin bidüzgünçilik bolany eşidilmedi.

Dogrusy, çempionatyň kemçiliksiz geçmandigini, ýaşaýyş otaglarynyň bahalarynyň gymmat bolandygyny, Kiýewde, Lwowda, Doneskide we Harkowda geçýän ýaryşlara tomaşa etjek janköýerler üçin ulag-transport hyzmatynyň göwnejaý guralmandygyny bellemek gerek.

Şeýn Woker Ukrainada geçen üç hepdelik çemponat barada Britaniýanyň “Independent” gazetiniň okyjylaryna habar bermek üçin ýaryş geçýän dört şäheriň üçüsine sapar etdi. Ol Ukrainanyň umumy ýagdaý meselesinde uly üstünlik gazanandygyny, emma guramaçylyk we infrastraktura babatda entek etmeli işleriniň az däldigini aýdýar.

“Bir tarapdan, men Ukrainanyň futbol çemponatynyň geçirilýän ýeri hökmünde stadionlar we umumy tejribe meselesinde ajaýyp iş edendigini aýdardym. Meniň pikirimçe, köp adam bu ýerde hoşwagt boldy” diýip, Woker aýtdy we maglumat hem logistika, material-tehniki üpjünçilik taýýarlygy meselesinde biraz köp tagalla edilen bolsa, üç-dört esse köp adamyň oýun görmäge gelip biljek ekendigini nygtady.
XS
SM
MD
LG