Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň okuw jaýlaryna girmek üçin gollanma


Kolumbiýa uniwersiteti, Nýu-Ýork.
Kolumbiýa uniwersiteti, Nýu-Ýork.

ABŞ-nyň uniwersitetlerine okuwa girmek üçin näme etmeli?

ABŞ-nyň uniwersitetlerine okuwa girmek kyn. Munuň sebäbi kabul edilmezlikde däl-de, eýsem ilki nirä ýüz tutjagyňy anyklamagyň kynlygynda. ABŞ-da müňlerçe uniwersitet bar. Olaryň her biriniň arza kabul edişi, maddy goldawy we okuwa kabul ediş düzgünleri biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Amerikada okamak isleýän bolsaňyz, biz bu makalada sizi ätmeli ädimler hem-de bu ugurda peýdaly boljak käbir maglumatlar bilen tanyşdyryrmakçy.

Eger makalanyň galan bölegine asla üns bermeseňizem, ABŞ-nyň hökümetiniň halkara abiturientler üçin maslahat berýän EducationUSA hyzmat gullugynyň bardygyndan habaryňyz bolsun.

EducationUSA-nyň Türkmenistandaky web adresi: americancornerstm.org/site/, şeýle hem siz onuň merkezi websaýtyndan peýdalanyp bilersiňiz, onuň adresi-de: educationusa.info.

Siziň habarsyz bolmagyňyz mümkin: siz ýokary okuw jaýlary, olaryň programmalary, arzada görkezilmeli hökmany maglumatlary anyklamak üçin, degişli uniwersitetleriň özleri bilen hem göni aragatnaşyga girip bilersiňiz.

Eger-de uniwersitetiň kabul ediş we maddy hemaýat edýän dolandyryş edarasy bilen professional derejede, ýagny edebi iňlis dilinde aragatnaşyk gurulsa, olar gelejekki studentleriň ýa-da häzirki abiturientleriň soraglaryna, umuman aýdylanda, jogap bermäge taýýar.

Nämeden başlamaly?

1-nji basgançak: uniwersitetler barada maglumat gözlemek (okuw başlamazyndan 12-18 aý öňünden). Sebäbi ABŞ-da her bir uniwersitetiň özbaşdak kabul ediş prosedurasy bar. Amerikada okamak isleseňiz, ilkinji ädim – siziň haýsy uniwersitete girmek isleýändigiňizi anyklamakdan ybaratdyr. Haýsy faktorlaryň siziň üçin wajypdygy we haýsy uniwersitetdäki bäsleşikde üstün çykyp biljekdigiňiz hakda gowy pikirleniň.

Uniwersitetleriň ýerleşýän ýerleri, olaryň berýän okuw kurslary we uniwersitet durmuşynyň dürli-dürli aýratynlyklary barada birnäçe websaýtdan maglumat tapyp bilersiňiz. Ynha olardan ikisi:

www.princetonreview.com
www.petersons.com

Amerikan uniwersitetiniň ortaça ýyllyk tölegi 20,000 bilen 30,000 dollar aralygynda bolup, ýerleşýän ýerlerine görä, olaryň nyrhlary hem üýtgeýär, meselem, Sarah Lawrence uniwersitetinde ortaça 60,000 dollar bolsa, Berea uniwersitetinde okuwlar tölegsiz.

Eger uniwersitetiň bahasy siziň üçin wajyp faktor bolsa, Birleşen Ştatlaryň Ýokary Bilim boýunça bölüminiň websahypasyndan peýdalanyp, bahasy elýeterli uniwersitetleri tapyp bilersiňiz: nces.ed.gov/collegenavigator/.

Şeýle hem siz haýsy uniwersitetleriň halkara studentlerine maddy hemaýat edip bilýänliginden habarly bolmalysyňyz. Käbir uniwersitetler halkara studentlerine maddy hemaýat etmeýär, beýlekileri bolsa olaryň okuw töleginiň belli bir bölegini ýa-da hemmesini töleýär. Bu ýagdaý siziň okuw tölegiňiziň möçberine uly täsir edip biler.

Aşakdaky saýtlar size okuw tölegiňizi tölemekde hemaýat edip biljek uniwersitetleri tapmaga kömek eder:

www.educationusa.info/financial-aid
www.bigfuture.collegeconfidential.com/college search/us university search.htm

Tölegleri azaltmagyň ýene bir ýoly, okuwyň ilkinji iki ýylyny jemgyýetçilik uniwersitetlerinde okamakdyr. Jemgyýetçilik uniwersitetleri 4 ýyllyk uniwersitetlere garanda has arzan bolup, onuň şol töwerekde ýerleşýän beýleki uniwersitetler bilen ylalaşygy bolýar. Bu hem size okuwyňyzy başga uniwersitetlerde dowam etdirmäge mümkinçilik döredýär. Jemgyýetçilik uniwersitetlerini gözlemek üçin şu sahypadan peýdalanyp bilersiňiz: www.aacc.nche.edu/pages/ccfinder.aspx

2-nji basgançak: standartlaşdyrylan resmi synaglara taýýarlyk görüň (okuw başlamazyndan 12-18 aý öň). Nirede okuwa girmek isleýändigiňizi saýlap başlan badyňyza, saýlan uniwersitetiňiziň nähili standartlaşdyrylan resmi synaglary talap edýändigi barada hem maglumat ýygnaň. Köp uniwersitetler iňlis diliniň derejesini görkezýän TOEFL ýa-da IELTS synaglarynyň şahadatnamasyny talap edýärler.

Köp uniwersitetler hem uniwersitete taýýarlyk derejäňizi synamaga niýetlenilen SAT we ACT synaglaryndan geçmegiňizi talap edip bilerler.

TOEFL hem-de SAT synaglary Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşi tarapyndan ýylyň dowamynda birnäçe gezek geçirilýär. Diýmek, uniwersitete ýüzleneniňizde şol synaglaryň haçan geçirilýänligini kesgitläp, muny hem göz öňünde tutuň.

Peýdaly maglumatlar:

TOEFL synaglarynyň Türkmenistanda geçirilýän gününi şu internet sahypasydan öwrenip bilersiňiz: www.ets.org/toefl/ibt/register/centers dates/.

Şeýle hem synaglaryň gününi we wagtyny Halkara Bilim Boýunça Amerikan Geňeşiniň websahypasyndan tapyp bolar. SAT synagy boýunça ýurduň registrasiýa kody: TM 584

3-nji basgançak: Arzaňyzy okuw başlamazdan 6-12 aý öňünden dolduryň.

Girjek okuwyňyzy saýlap alanyňyzdan soň, indiki ädim arzaňyzy tabşyrmak bolýar, uniwersitetiň arzasynyň nusgasy aşakdaky böleklerden ybarat:

a) Okuwa giriş arzaňyz

Siz okuwa giriş arzasynyň nusgasyny şu saýtda görüp bilersiňiz commonapp.org. Köp uniwersitetler şu görnüşde ýazylan arzanyň nusgasyny kabul edýärler. Bu "Umumy arza" ady bilen tanalýar. Hemme uniwersitetler arza barada öz proseduralaryny döretmekde erkindirler we siz öz arzaňyz üçin nähili formalaryň we dokumentleriň talap edilýändigini anyk bilmelisiňiz.

b) Mekdebi gutarandygyň barada şahadatnama we resmi synaglaryň netijeleri

Şol dokumentlerden biri hem transkriptdir. Ol uniwersitetden öňki okan ýeriňizdäki alan bahalaryňyzyň görkezijisidir. Eger transkriptiňiz iňlis dilinde bolmasa, ony terjime edip we tassykladyp ibermeli bolarsyňyz. Kähalatda siziň bahalaryňyzyň Amerikanyň bilim sistemasy bilen deňeşdirilmegi hem mümkin.

ç) Näme sebäpli şu uniwersiteti saýlap alandygyňyz baradaky düzme

Adatça, siz iň bolmanda 500 sözden ybarat bolan düzme ýazmaly bolarsyňyz. Ol düzme belli bir ýagdaýa ýa soraga reaksiýa hökmünde ýazylýar. Uniwersitetiň kabul ediş bölümi siziň dil hem sowatlylyk ukyplaryňyzy we siziň şol uniwersitete nähili gabat gelýändigiňizi barlamagy maksat edinýär. Diýmek, bu düzmede iş tejribäňizi beýan etmän, durmuşyňyzda örän uly täsir galdyran bir waka ünsi çekiň.

Halkara student Farimanyň pikiriçe: "...kabul edilmeklik üçin ýazýan düzmäňiz öň ýazan düzmeleriňiziň hiç birine meňzeýän däldir. Mugallymym maňa: "Ömrüňde ýazmadyk düzmäňi ýaz, özüňi diňe bir söz bilen häsiýetlendirmän, durmuşyňda bolup geçen bir waka arkaly özüňi tanat” diýende, bu maňa manysyz bir zat ýaly bolup eşidilipdi. Ýöne düzmäni yazanymdan soň, onuň aýdanlarynyň manysyna düşündim. Ýazanymy gaýtadan gözden geçirenimden soň, onda hakyky özüm barada gürrüň berilýändigine göz ýetirdim".

d) Häsiýetnamalar

Köplenç tabşyrylmaly resminamalaryň arasynda siz barada, akademiki we mekdepden daşary iş tejribäňiz barada ýeterlik maglumaty bolan azyndan iki adam tarapyndan ýazylan häsiýetnamalar talap edilýär. Häsiýetnamalary siziň eden işleriňiz barada diňe gowy gürrüň berjek adamlardan, meselem, mugallymlaryňyzdan haýyş ediň.

EducationUSA edarasynyň aýtmagyna görä: "Amerikan mugallymlary, daşary ýurtlardaky mugallymlara garanyňda, häsiýetnamalary doly we pozitiw görnüşde ýazýarlar. Negatiw äheňde we guraksy ýazylan häsiýetnamalar siziň eminleri saýlamak tejribäňizi görkezer, şonuň üçin bu meselä gowy üns beriň".

e) Maliýe ýagdaýyňyzyň beýannamasy

Adatça bolşy ýaly, ýokary okuw jaýlary siziň azyndan birinji ýylky tölegiňizi özüňiziň töläp biljekdiňize göz ýetirimek isleýärler. Şu sebäpli-de, okuw tölegini nädip tölejegiňizi we uniwersitetden haýyş edýän maliýe kömegiňiziň möçberini düşündirýän beýannamany ýazmaly bolmagyňyz mümkin. Bu maglumatlar soňy bilen wiza ýüzlenmek üçin hem gerek bolar.

ä) Okuwa giriş arzasynyň nyrhy

Uniwersitetleriň köpüsine arza tabşyrylanda, olaryň belli bir möçberde tölegi bar. Käbir studentleriň “Opportunity Grant” diýen maliýe kömeginden peýdalanmaga hukugynyň bar bolmagy mümkin.

Bu programma agzalýan studentiň okuwynyň başky töleglerini we okuw salgydy ýaly käbir beýleki çykdajylaryny töleýär. "Opportunity Grant" baradaky maglumatlary şu sahypadan tapyp bolar: americancouncilstm.org/ogen

Eger indiki ýylyň güýz möwsüminde okuwa başlamak isleseňiz, giriş arzalaryňyzy dekabr aýynda tabşyrmaly bolarsyňyz. Kabul edilip-edilmändigiňiz mart aýynda yglan ediler.

4-nji basgançak: Çykdajylaryňyzy okuw başlamazyndan 3-9 aý öňünden planlaşdyryň.

Okuw jaýlarynyň berýän maliýe kömegi biri-birinden tapawutlanýar. Şonuň üçin nähili hemaýaty saýlap alanyňyza gowy göz ýetiriň we onuň siziň byujetiňize nähili täsir etjegini gowy seljeriň.

Öz maliýe serişdeleriňizi gaýtadan gözden geçirmek üçin şu websahypadan peýdalanyp bilersiňiz: blogs.voanews.com/student-union/2012/02/01/financial-aid-tips-from-admissions-officers/

Halkara studentlerine berilýän maliýe hemaýatlarynyň köpüsi uniwersitet tarapyndan üpjün edilýär, ýöne siz hemaýat berýän hususy guramalara-da göz gezdirip bilersiňiz. Olardan käbirleriniň websahypalary:

www.fundingusstudy.org
www.iefa.org
www.internationalscholarships.com

Halkara studentleri okuw döwründe hepdede 20 sagat işläp bilerler, umuman aýdylanda, şeýle işler uniwersitet şäherçesiniň çäginde bolýar. Eger siz okuw döwrüňizde işläp, goşmaça pul gazanmak isleýän bolsaňyz, onuň siziň okuwyňyzyň tölegine ýetmejeginden habaryňyz bolsun.

5-nji basgançak: Wiza üçin ýüz tutmak (okuw başlamazyndan 3-5 aý öňünden)

Wiza almak üçin ýüz tutmak studentlerleriň nukdaýnazaryndan aýdylanda, iň aladalandyryjy tapgyr ýaly bolup duýulýar, emma hakykatda ol iň ýönekeý düzgündir.

Eger siz uniwersitete doly gün gatnamak niýeti bilen ABŞ-a gelmegi planlaşdyrýan bolsaňyz, onda siz F-1 wizasy üçin dokumentleriňizi tabşyrmaly bolarsyňyz. Şeýle ýagdaýda ilki bilen siziň uniwersitete kabul edilip, I-20 kysymly arzany almagyňyz zerur, sebäbi şol arza esasynda size student wizasy berler.

Ondan soň siz "Sevis" atly tölegi töläp, I-901 nomerli arzany doldurmaly bolarsyňyz. Onuň häzirki nyrhy 200 dollara barabar bolup, ony internet, poçta ýa Western Union arkaly töläp bolýar. "Sevis" baradaky maglumatlar şu ýerde: www.ice.gov/sevis/factsheet/090104 fs.htm

Bu basgançaklary geçeniňizden soň, ABŞ-nyň iň ýakynyňyzdaky ilçihanasyna ýa-da konsullygyna wiza üçin ýüz tutup bilersiňiz. Wizaňyz size ABŞ-a gelmeziňizden 120 gün öň berlip bilner.

Wiza almak üçin interwýu beren wagtyňyzda konsullygyň resmileri siziň ynamly studentdigiňize, okuwyňyz üçin tölegiňiziň ýetjekdigine we okuwyňyzy tamamlanyňyzdan soň öýňüze dolanjakdygyňyza göz ýetirmäge synanyşar.

Wiza almak üçin nähili taýýarlanmaly diýlen meselede konsulhananyň işgärleriniň beren maslahatlary bilen tanyş bolmak isleseňiz, şu sahypadan peýdalanyp bilersiňiz: blogs.voanews.com/student-union/2011/06/27/visa-tips-from-visa-officers/

Wiza almak üçin ýüz tutanyňyzda başda 160 dollar tölemeli bolarsyňyz, wizany alanyňyzdan soň ýene 400 dollar tölärsiňiz.

Netije

ABŞ-da okamaga synanyşjak bolsaňyz, onda birnäçe basgançaklary geçmeli we birnäçe meseleler barada oýlanmaly bolarsyňyz. Emma bir zady ýatdan çykarmaň: siz berlen mümkinçiliklerden doly peýdalanyň.

EducationUSA edarasynyň maslahatçylarynyň maglumatlaryndan peýdalanyň, internet arkaly geçirilýän kollej çärelerine we diskussiýalara gatnaşyň we gyzyklanýan okuwyňyz bilen gatnaşyk guruň.

Belkem, häzirki wagtda ABŞ-da okaýan talyplar bilen söhbetdeş bolup, (2011-nji ýylda ABŞ-nyň uniwersitetlerinde 210 sany türkmen talyby bilim alýardy) olardan köp zatlary öwrenip bilersiňiz.

Eger arzuwyňyza ýetmek üçin ýene güýç we goldaw gerek bolsa, onda şu sahypadaky käbir şahsy ýazgylary okaň. Olardan käbiriniň sizi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmäge has-da ruhlandyrmagy mümkin.

blogs.voanews.com/student-union/2012/03/28/battling-a-university-rejection-5-stories-to-get-inspired/

Jessica Stahl VOA-da Sosial media redaktory. Ol şu blogy Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň websaýtynyň okyjylary üçin ýazdy.
XS
SM
MD
LG