Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goňurdepe gazuw-agtaryş işlerine 40 ýyl


Mary welaýatyndaky Goňurdepe taryhy ýadygärliginiň bir böleginiň görnüşi. Maý, 2012.
Mary welaýatyndaky Goňurdepe taryhy ýadygärliginiň bir böleginiň görnüşi. Maý, 2012.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ylmy, şol sanda ýurduň Ylymlyr Akademiýasy köp kynçylyklary başdan geçirdi. Şeýle bir döwür bolup, Ylymlyr Akademiýasynyň işleýändigini ýa-da ýapylandygyny aýtmagam kynlaşdy.

Ýöne şol kynçylyklara garamazdan, ylma berlen adamlar öz işlerini dowam etdirdiler. Munuň bir mysaly Günorta Türkmenistanda, Murgabyň gadymy deltasyndaky Goňurdepe ýadygärliginde alnyp barlan gazuw-agtaryş işleri bolsa gerek.

Geçen aýda Goňurdepe taryhy ýadygärlikler toplumynyň ylmy taýdan öwrenilip başlananyna 40 ýyl boldy. Bu işe 1972-nji ýylda moskwaly alym, taryh ylymlarynyň doktory Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň ýolbaşçylygynda başlanypdy.

Yurt garaşsyzlygyny alanda, käbir dokument işleri we beýleki resmi meseleler bilen baglanyşykly W.I.Sarianidi Goňurdepedäki işlerini togtadanam bolsa, ol muňa gaýtadan girişmäge mümkinçilik tapdy. Şeýlelikde, Goňurdepede 40 ýyldan bäri gazuw-agtaryş işleri geçirilýär.

Azatlyk Radiosy bu radionyň žurnalisti, Goňurdepe taryhy ýadygärliginiň gazuw-agtaryş işlerini gözi bilen gören we taryhy meseleler bilen ýakyndan gyzyklanýan Allamyrat Rahym bilen şu taryhy ýadygärligiň ähmiýeti we ondaky alnyp barylýan işler barada ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00
Ýükle


Wiktor Sarianidi barada käbir maglumat

Wiktor Iwanowiç Sarianidi 1929-njy ýylda dünýä indi. Ol 1952-nji ýylda Daşkentdäki Orta Aziýa Döwlet uniwersitetini tamamlady. Student döwründen Özbegistanyň hem Türkmenistanyň çäklerinde geçirilýän arheologoki gazuw-agtaryş işlerine gatnaşyp başlady.

Orsýetli alym, taryh ylymlarynyň doktory Wiktor Iwanowiç Sarianidi.
Orsýetli alym, taryh ylymlarynyň doktory Wiktor Iwanowiç Sarianidi.
Ol dürli ýurtlarda alnyp barlan arheologiki gazuw-agtaryş işlerine gatnaşdy. Olardan Owganystanyň çäginde açylan Baktriýa we gadymy Murgap derýasynyň ugrunda ýerleşen gadymy Marguş medeniýeti örän möhüm taryhy açyşlar hasaplanylýar.

Wiktor Sarianidi Türkmenistanda umumylykda 60 ýyl çemesi iş alyp barýar. Aýratyn-da, ol gadymy Maryda, Nusaýda, Maşat-missirianda, Tahyrbaýda, Ýazdepede, Göksüýride, Ulugdepede, Altyndepede, Hapyzdepede hem Goňurdepede gazuw-agtaryş işlerini geçirdi.

Ol taryh ylymlarynyň doktory, Orsýet Ylymlar Akademiýasynyň akademigi hem Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi.
XS
SM
MD
LG