Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky awtomobil heläkçiliginde on dört adam öldi


Şenbe güni Ukrainanyň demirgazyk raýonynda orsýetli hristian zyýaratçylarynyň münüp barýan awtobusynyň heläkçilige uçramagy netijesinde 14 adamyň ölüp, 22 adamyň ýaralanandygy barada maglumat alyndy.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň maglumatyna görä, bu wakada üsti 41 sany adamly awtobus garşydan gelýän maşynlaryň liniýasyny gesip geçip, ýoluň gyrasyndaky çukura agdarylypdyr.

Bu awtomobil heläkçiliginiň Çernigow-Kiýew aralygyndaky esasy transport ýolunyň ugrunda ýüz berendigi habar berilýär. Häzirki wagt bu heläkçiligiň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleri alnyp barylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG