Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Liwiýany parlament saýlawlary bilen gutlady


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Liwiýany onlarça ýylyň dowamynda geçirilen ilkinji açyk saýlawlary bilen gutlady. Obama muny ýurduň demokratiýa tarap ýolundaky “nobatdaky bir tapgyr” hökmünde häsiýetlendirdi.

Liwiýanyň saýlaw komissiýasynyň berýän maglumatyna görä, 200 orunlyk parlamentiň wekillerini saýlamaga ilatyň 60%-e golaýy gatnaşypdyr.

Müsürde we Tunisda bolşy ýaly Liwiýada hem yslamçylar häkimiýetde aglaba orunlary almagy maksat edinýärler. Olar Muammar Kaddafiniň häkimiýeti döwründe repressiýada saklanypdylar.

Liwiýada iň soňky gezek parlament saýlawlary 1964-nji ýylda geçirilipdi. Şondan bäş ýyl soň Kaddafi harby agdarylşygy amala aşyrypdy.
XS
SM
MD
LG