Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Orta ýer deňzinde 54 sany migrantyň ölendigini aýdýar


Çarşenbe güni BMG-niň resmileri Orta ýer deňziniň üsti bilen gämi arkaly Liwiýadan Italiýa barmakçy bolan migrantlaryň 54-siniň ýakynda deňizde heläk bolandyklaryny tassyklady.

BMG-niň Bosgunlar baradaky edarasy deňizde 15 gün ýüzen gämiden diňe bir adamyň diri tapylandygyny mälim etdi. Asly eritreýaly bu adam duşenbe güni giçlik Tunisiň kenaryna golaý ýerde halas edilipdir.

Maglumata görä, bu halas edilen adam gämidäki 54 adamyň öz ýanlary bilen hiç hili suw zapasyny almandygy sebäpli, suwsuzlykdan ölendigini gürrüň beripdir.

BMG-niň Bosgunlar baradaky edarasy şu ýylyň ýanwaryndan bäri Liwiýadan Ýewropa geçmekçi bolan adamlardan 170-siniň deňizde ölendiklerini aýdýar.
XS
SM
MD
LG