Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: şu ýyl FLEX 15 okuwçy alýar


FLEX programmasy 14-16 ýaş aralygyndaky ýokary klas mekdep okuwçylaryna niýetlenendir.
FLEX programmasy 14-16 ýaş aralygyndaky ýokary klas mekdep okuwçylaryna niýetlenendir.

ABŞ-nyň hödürleýän FLEX okuw programmasy boýunça şu ýyl Türkmenistandan alynýan ýaşlaryň sanynyň kemeldilendigi aýdylýar. Bu mesele boýunça Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we serişdeler merkeziniň resmisi bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky diňleýjileriniň ençemesi ABŞ-nyň howandarlygynda alnyp barylýan FLEX okuw programmasy boýunça käbir soraglary iberip, bulary aýdyňlaşdyrmagymyzy sorap, ýüz tutdular. Olaryň bellemegine görä, şu ýyl FLEX programmasy boýunça alynýan türkmen ýaşlarynyň sany azaldylypdyr.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew bu soraglar barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we serişdeler merkeziniň metbugat bölüminiň başlygy William Stiwens bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: William, diňleýjilerimiziň berýän anyk soraglaryna geçmezden ozal, siz FLEX programmasy barada maglumat berseňiz? Ol kimler üçin niýetlenen?

William Stiwens: Hawa, elbetde. FLEX programmasy 14-16 ýaş aralygyndaky ýokary klas mekdep okuwçylaryna niýetlenendir. Oňa ozalky sowet respubliklarynyň ählisinden ýaşlar gatnaşyp bilýär. Bu programmanyň çäginde, ýaşlar ABŞ-nyň ýokary klas mekdeplerinde bir ýyl bilim alýarlar. Bu programma Türkmenistanda indi 20 ýyl wagt bäri işläp gelýär. Bu programmanyň üsti bilen häzire çenli 750-den gowrak türkmen oglan-gyzlary ABŞ-a iberildi. Ýaňy hem belleýşim ýaly, ýaşlar bir ýylyň dowamynda ABŞ-da maşgalalaryň birinde ýaşap, ýokary klas mekdeplerine gatnaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Biziň diňleýjilerimiziň aýtmagynag görä, şu ýyl FLEX programmasyna gatnaşyjylaryň sany 15 adama çenli çäklendirilipdir. Siz bu barada näme aýdyp bilersiňiz? Şeýle-de, ozalky ýyllarda bu programma boýunça näçe adam kabul edilýärdi?

William Stiwens: Hawa. Şu ýyl türkmen hökümetiniň haýyşyny göz öňünde tutup, FLEX programmasyna gatnaşyjylaryň sany 15-e çenli azaldyldy. Mundan ozal, her ýyl 50-60 ýetginjek ABŞ-a ugradylýardy. Türkmenistanyň hökümeti bu çäklendirmäniň diňe şu ýyla degişlidigini nygtady. Biz 2013-nji okuw ýylynda FLEX programmasyna kabul edilýänleriň sanynyň öňki derejesine ýetjekdigine ynanýarys.

Belläp geçsem, şu ýyl FLEX progammasyna isleg bildirenleriň sany bizi diýseň begendiripdi. Şu ýyl programmamyza 1500-den gowrak türkmen oglan-gyzlary ýüz tutdy. Olaryň okuwa bolan uly islegi diýseň begendirýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmen hökümetiniň bu haýyşynda düşündiriş berilýärmi? Bir resmi sebäp barmy?

William Stiwens: Ýok, hiç hili resmi sebäp ýok.

Azatlyk Radiosy: Onda türkmen hökümeti nämäniň esasynda bu haýyşy etdi, ýagny diýjek bolýanym, FLEX bu hökümetara programmamy?

William Stiwens: Biz her ýyl FLEX programmasy boýunça alnyp barylýan işleri Türkmenistanyň hökümeti bilen özara sazlaýarys we içginden öwrenýäris. Ýagny, bu biziň bilelikdäki programamyz.
XS
SM
MD
LG