Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň prezidenti suduň kararyny kabul edýändigini aýdýar


Penşenbe güni Müsüriň täze prezidenti Muhammad Mürsi parlamentiň işini gaýtadan dikeltmek barada öz gol çeken permanyny ýatyrmak barada Konstitusion suduň çykaran hökümine hormat goýýandygyny we muňa boýun boljakdygyny mälim etdi.

Bu barada ýaýradan ýazmaça beýanatynda prezident Muhammad Mürsi parlament bilen baglanyşykly bar bolan kynçylyklary çözmek üçin ýurduň syýasy güýçleri we kanunçylyk organlary bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýandygyny belläpdir.

Bu beýanatda Müsüriň prezidenti özüniň kanunçylyga ygrarlylygyna galýandygyny we ýüze çykaýmagy mümkin islendik bir konfrontasiýanyň öňüni almaga çalyşjakdygyny nygtapdyr.

Muhammad Mürsi penşenbe güni Müsüriň prezidenti wezipesinde ilkinji resmi sapar bilen Saud Arabystanyna bardy.
XS
SM
MD
LG