Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ratko Mladiç Haga sudunda huşundan gidip, keselhana düşdi


Bosnýadaky serb güýçleriniň ozalky komanduýuşisi Ratko Mladiçiň aklawçysy onuň Hagadaky sud prosesinde özüni ýaramaz duýmagy netijesinde keselhana düşendigini aýtdy.

Aklawçy Branko Lukiç Ratko Mladiçiň sud diňlenişigi wagtynda özünden gidendigini mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, bu wakadan soň Ratko Mladiçiň bedeninde ysmaz alamatlary peýda bolupdyr.

Ýöne Branko Lukiç häzirki wagt Ratko Mladiçiň sag eliniň we aýagynyň hereket edýändigini hem-de onuň gurläp başlandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG