Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German hökümeti sünnetlemek çäresini goldaýandygyny aýdýar


Anna güni Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň administrasiýasy bu ýurtdaky musulman we ýewreý ilatynyň arasynda çagalary sünnetlemek däpleriniň dowam etdirilmegine mundan beýläk-de rugsat beriljekdigini mälim etdi.

Bu wakanyň öňýany Germaniýanyň sudy sünnetiň çagalaryň tenine “agyr şikes” ýetirýändigini nygtap, karar çykarypdy.

Emma hökümetiň metbugat sekretary Steffen Seýbert hökümetiň “çagalaryň jogapkärçilikli ýagdaýda sünnetledilmeginiň” ýollaryny tapjakdygyny nygtap çykyş etdi.

Geçen aý Germaniýanyň Kologne şäheriniň sudy 4 ýaşly bir musulman çagasynyň sünnet edilmeginden soň, bedeninde ganamak problemasynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ýörite sud seljermesini geçiripdi.
XS
SM
MD
LG