Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýadaky güýçli ýagyn sil heläkçiliklerine sebäp boldy


Ýaponiýanyň günorta-günbatar regionynda indi üç gun bäri dowam edýän ýagyn sebäpli dörän sil howpy bilen baglanyşykly bu regiondan 250 müň töweregi adamyň ewakuasiýa edilmegine görkezme berildi.

Ýurduň günortasyndaky Kýuşu adasynda dörän sil heläkçiligi netijesinde soňky günler bu adadada azyndan 20 adam öldi.

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentligi Kýuşu adasynda ýagynyň henizem dowam edýändigi sebäpli, sil joşgunlarynyň has-da güýçlenmeginiň mümkindigi barada duýduryş berýär.
XS
SM
MD
LG