Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Rahmonyň garyndaşyny öldürenlikde güman edilýän saklandy


Täjigistanyň prezidentiniň giýewsi Holmumin Safarowyň janyna kast edilmeginde güman edilýän adam tussag edildi diýip, Täjigistanyň resmileri habar berýarler.

Duşenbe güni Täjigistanyň Içeri işler ministrligi güman edilýän adamyň ýörite geçirilen operasiýada ele salynandygyny aýtdy. Onuň ýaranlarynyň gözleg işi dowam etdirilýar.

Güman edilýan adam barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Imomoli Rahmonyň uly aýal doganynyň adamsy, 57 ýaşly Safarow iýun aýynda Duşenbe şäherinde ýaşaýan öýüniň golaýynda döşüne, garnyna we kellesine atylyp öldürildi.

Azatlyk Radiosynyň täjik gullugynyň ýaýradan video sýužetinde Safarowy öldürmekde ulanylan ýaragyň polisiýa tarapyndan Duşanbinka derýasynda gözleg işleriniň alnyp barylýan pursaty şekillendirilýär.
XS
SM
MD
LG