Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen raýaty $20 million ogurlamakda aýyplanýar


39 ýaşly Aýsoltan Nyýazowanyň işi boýunça aýyplaw netijesi tassyk edildi.
39 ýaşly Aýsoltan Nyýazowanyň işi boýunça aýyplaw netijesi tassyk edildi.
Moskwanyň şäher prokuraturasy Türkmenistanyň raýaty Aýsoltan Nyýazowa garşy aýyplaw netijesini tassyklandygyny yglan etdi.

Aýsoltan Nyýazowa 2002-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan ogurlanan 41 million dollar bilen ilteşiklilikde tussag edilipdi.

Moskwanyň şäher prokuraturasynyň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Walentina Titowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 39 ýaşly Aýsoltan Nyýazowanyň işi boýunça aýyplaw netijesi tassyk edildi.

Ors häkimiýetleri Aýsoltan Nyýazowa Orsýetiň Jenaýat Kodeksiniň 159-njy maddasynyň 3-nji bölegi (galplyk), 174-nji maddasynyň 3-nji bölegi (jenaýatçylyk netijesinde gazanylan pullary kanunlaşdyrmak) boýunça günä ýöňkeýär.

Resmi wersiýa

Moskwanyň şäher prokuraturasynyň metbugat wekili Walentina Titowa Aýsoltan Nyýazowanyň işi boýunça şeýle diýdi:

“Derňewçileriň wersiýasyna görä, Nyýazowa 2002-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi bankyna degişli 20 million amerikan dollary mukdaryndaky puly ogurlady we soňra kanunlaşdyrdy.”

Käbir maglumatlara görä, Aýsoltan Niýazowa şol döwürde Orsýetiň “Indeks bankynda” ýolbaşçylyk wezipesinde işleýärdi.

Prokuraturanyň resmi maglumatynda Nyýazowanyň ogurlyk toparynyň guramaçysy bolandygy we pul ogurlamak bilen bagly jenaýaty amala aşyrmak üçin umumy plany işläp düzendigi aýdylýar.

“Nyýazowa bu işe öz tanyşlaryny çekdi, olara ýolbaşçylyk etdi hem ogurlyga işjeň gatnaşdy” diýip, prokuraturanyň resmi maglumatynda habar berilýär.

Resmi maglumatda aýdylmagyna görä, ogurlanan pullar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň daşary ýurt banklarynyň birindäki hasabyndan, “Swift” töleg sistemasy arkaly, Orsýet Federasiýasyna bikanun geçirilipdir.

Ors metbugaty Türkmenistanyň we Orsýetiň raýaty bolan Aýsoltan Nyýazowanyň 8 ýyla golaý gözlenip, 2011-nji ýylda Şweýsariýanyň polisiýasy tarapyndan ele salnandygyny habar berýär. Ol şondan soň Orsýete tabşyrylypdyr.

Merkezi bankdaky ogurlyk

Aýsoltan Nyýazowa Türkmenistanyň Merkezi bankyndan 2002-nji ýylda ogurlanan pul bilen iletişikli tussag edilenleriň diňe biridir.

2002-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Germaniýanyň "Deutsche Bankyndaky” hasaplaryndan 41 million amerikan dollarynyň ýitirim bolandygy habar berlipdi. Şonda metbugatda çap edilen maglumatlarda bu wakada şübhe bildirilýän birnäçe adamyň ady agzaldy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň ozalky işgäri, käbir maglumatlarda 2003-nji ýylda Sankt Peterburgda öldürilendigi aýdylan Arslan Kakaýew hem şolaryň biridi.

Metbugat habarlaryna görä, “Ors Depozit Bankyň” dolandyryjy geňeşiniň ozalky başlygy Dmitriý Leus bu ogurlyk bilen ilteşiklilikde günäli tapylyp, 2004-nji ýylda 4 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen bolsa, Orsýetiň hem Ysraýylyň raýaty Saweliý Burşteýn 2010-njy ýylda 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatlarynda Türkmenistanyň Merkezi bankyndan pul ogurlamakda şübhe bildirilenleriň ýene biri, bankyň ozalky işgäri Myrat Garabaýewyň sud tarapyndan aklanandygy hem habar berlipdi.

Moskwanyň şäher prokuraturasyndan Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, Aýsoltan Nyýazowanyň işi Moskwanyň Zamoskworetskiý etrap sudunyň garamagyna geçirilipdir.
XS
SM
MD
LG