Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy bilen gürleşdi


Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhameow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jose Manuel Barroso bilen telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirdi.

Ýewropa Komissiýasynyň inisiatiwasy bilen gurnalan bu telefon gürrüňdeşliginde taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meselesi, şol sanda energiýa hyzmatdaşlyklarynyň perspektiwalary barada-da pikir alyşdylar.

Bu gürrüňdeşlikde prezident G.Berdimuhamedow bilen jenap Barrosonyň şu ýylyň sentýabrynda energiýa meselesine bagyşlanyp Aşgabatda ýörite ikitaraplaýyn maslahatyň gurnalmagy barada-da ylalaşyga gelendikleri habar berilýär.
XS
SM
MD
LG