Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabat: ýylda 5 million adam hereketsizlikden ölýär


138 kg agramy bolan 16 ýaşly Guang Çen Tianjindäki hassahanada bejergi alýar, 2007-nji ýyl.
138 kg agramy bolan 16 ýaşly Guang Çen Tianjindäki hassahanada bejergi alýar, 2007-nji ýyl.
Saglygy saklaýyş barada Londonda çap edilýän žurnalyň täze hasabatyna görä, dünýäde uly ýaşlylaryň üçden bir bölegi fiziki taýdan aktiw däl we ýylda 5 million adam az hereket edýändigi üçin ölýär. Bu görkeziji çilimden ölýänleriň sanyndan hem ýokarydyr.

Londonda çap edilýän dünýä belli “The Lancet” žurnalynyň täze hasabatyna laýyklykda, 15 we ondan uly ýaşlylaryň her 10-syndan 3-si hepdelik fiziki işjeňlik baradaky iň esasy maslahatlary ýerine ýetirmeýärler. Şeýle adamlaryň dünýädäki sanynyň 1,5 milliard adama deňdigi habar berilýär.

Täze hasabatda 13 we 15 ýaşlylaryň her 5-sinden 4-siniň gündelik maşklary ýerine ýetirmeýändiginiň uly alada goýýandygy aýdylýar.

“The Lancet” žurnaly bu problemany “epidemiýa” diýip häsiýetlendirýär. Onuň hasabatyna görä, her bir adam her hepdede azyndan 5 gezek 30 minutdan döwrebap fiziki hereket etmeli ýa-da hepdede 3 gezek 20 minutdan işjeň hereket etmeli. Ýa bolmasa-da bulary gezekleşdirmeli.

Döwrebap fiziki herekete çalt-çaltdan ýöremek, tigir sürmek ýa-da bagda işlemek girýär. Emma çyplaň eşikde ylgamak we ýüzmek işjeň fiziki herekete girýär.

Süňkleriň, myşsalaryň, ýüregiň we beýleki organlaryň sagdyn işlemegi üçin adamyň bedeni fiziki taýdan işjenlige mätäç.

Soňky ýyllarda adamlaryň gündelik fiziki hereketleri ýerine ýetirmegi azaldy. Aýratyn-da Beýik Britaniýa we ABŞ ýaly ösen ýurtlarda semizlik uly probelma öwrüldi. Emma bu problema kän bir baý bolmadyk ýurtlarda hem ösýär. Çünki adamlar köp wagtyny maşynlarda we kompýuterleriň öňünde geçirýärler.

Fiziki taýdan az hereket etmek ýaşyň ulaldygyça ösýär we şeýle ýagdaý erkeklere garanda zenanlaryň arasynda has giň ýaýran.

Adamlaryň fiziki taýdan işjeň bolmazlygy olaryň saglyk problemalary, şol sanda ýürek keseli, süýjülik keseli, göwüs we ýogyn içegedäki rak keseli bilen baglanyşykly bolmagy mümkin.

“The Lancet” žurnalynyň hasabatyna laýyklykda, 2008-nji ýylda dünýäde ölen 57 million adamyň 5,3 milliondan gowragynyň aradan çykmagyna fiziki taýdan az hereket etmekleri sebäp bolupdyr.

Serbiýada ölenleriň 18 prosentden gowragynyň, Yrakda ölenleriň 15 prosentiniň ölümine fiziki taýdan işjeň hereket etmändigi sebäp bolupdyr. Emma olaryň sany Gürjüstanda 6 prosent, Orsýetde 5,6 prosent we Ukrainada 5 prosent çemesidir.

“The Lancet” žurnalynyň hasabatyna görä, fiziki taýdan az hereket etmegiň 10 prosent azalmagynyň her ýylda 500 müňden gowrak adamynyň ölüminiň öňüni almagy mümkin.
XS
SM
MD
LG