Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda gazak raýaty ekstremizmi propoganda etmekde günäli tapyldy


Özbegistanyň sudy gazak raýatyny ekstremistik yslam pikirlerini propoganda etmekde günäli tapyp, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

27 ýaşly Ermek Kosmagambetowa garşy sud işi duşenbe güni Daşkendiň oblast sudunda geçirildi. Ol Özbegistanda “dini ekstremizme degişli maglumatlary ýaýratmak synanşygy” baradaky aýyplama boýunça günäli tapyldy.

Kosmagambetow we onuň aýaly Akmaral Şakirowa mart aýynda gazak-özbek serhedini geçjek bolanlarynda tussag edilipdi. Özbek gümrük işgärleri Kosmagambetowyň kompýuterinden dine degişli maglumatlaryň tapylandygyny öňe sürüpdiler.

Şakirowa soňundan tussaglykdan azat edildi. Ol sişenbe güni Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanda, adamsynyň suduň kararyna şikaýat etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG