Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: himiki ýaraglaryň serhet ýakalaryna getirilendigi aýdylýar


Siriýanyň gozgalaňçylary hökümeti himiki ýaraglaryny ýurduň serhetlerine getirmekde aýyplaýar.

Oppozisiýadaky Siriýanyň azat armiýasy toparynyň brigadiri Kassem Saeddineniň sözlerine görä, hökümet himiki ýaraglary ýurduň serhedindäki aeroportlara getiripdir. Bu maglumaty ne hökümetiň, ne-de beýleki garaşsyz çeşmeleriniň üsti bilen anyklamak başartmady.

Mundan owal Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili eger-de ýurda daşardan hüjüm edilse, onda himiki ýaraglaryň ulanylyp bilinjekdigini duýdurypdy. Ýöne muny siriýanyň halkyna ulanylmajakdygyny hem metbugat wekili sözüne goşdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama eger-de himiki ýarag ulanylsa, onda munuň üçin prezident Başar al-Assadyň we onuň režiminiň halkara jemgyýetçiliginiň öňünde “jogapkärçilige çekiljekdigini” duýdurdy.
XS
SM
MD
LG