Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanunyň kabul edilenine 6 aý geçdi, partiýalar nirede?


Şu ýylyň ýanwaryndan bäri geçen döwürde, Telekeçiler partiýasy baradaky habardan başga, syýasy partiýalaryň döredilýändigi eşidilmedi.
Şu ýylyň ýanwaryndan bäri geçen döwürde, Telekeçiler partiýasy baradaky habardan başga, syýasy partiýalaryň döredilýändigi eşidilmedi.

Türkmenistanda Syýasy partiýalar hakyndaky kanunyň kabul edilenine alty aýdan gowurak wagt geçdi. Ýöne şu ýylyň ýanwaryndan bäri geçen döwürde, Telekeçiler partiýasy baradaky habardan başga, syýasy partiýalaryň döredilýändigi eşidilmedi.

Sebäp näme bolup biler?

Aşgabatly syýasy aktiwist, 1980-njy ýyllaryň aýagynda döredilen “Agzybirlik” halk hereketiniň ýolbaşçylarynyň biri Nurberdi Nurmämmät ýurduň syýasy partiýalar baradaky kanunynda guramaçylyk komitetine partiýa döretmek üçin ýeterlik wagt berilmeginiň gowy zatdygyny belledi.

“9 adamdan ybarat inisiatiwa toparyny döredýäň, onsoň inisiatiwa toparyna 6 aý berilýär, partiýany döretmäge. Şol gowy, bu öňki kanunda ýokdy" diýip, ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ýöne Nurberdi Nurmämmet Türkmenistanyň şertlerinde syýasy partiýa döretmek üçin 1000 adam jemlemegiň aňsat däldigini hem ýatladýar.

“Biziň jemgyýetimizde müň adam [jemlemek] ýaman kyn-a, arasyna gep salýarlar, ýene bir zat edýärler, gorkuzýarlar” diýip, syýasy aktiwist sözüniň üstüni ýetirdi.

Gorky faktory

Publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu pikir bilen belli derejede ylalaşýar we syýasy partiýalaryň döredilibermezliginiň esasy sebäbini öňden gelýän gorky faktory bilen düşündirýär.

“Halkyň gözüniň ody alnan. Her kim “Namartja olam, sagja olam” diýen paýhasa gulluk edip ýaşaýar” diýip, Bugaýew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu ýagdaýyň syýasy partiýa, hatda bäş-üç adamdan ybarat hökümetden aýry gurama gurmaga-da ullakan böwet bolýandygyny nygtady.

Syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmet partiýa meselesinde Türkmenistandaky ýagdaý bilen Owganystandaky ýagdaýy deňeşdirip, goňşy ýurtda syýasy partiýa döredýän adamlaryň öz hojalygynyň, işiniň bardygyny, emma özlerinde beýle özbaşdaklygyň ýa mümkinçiligiň ýokdugyny, adamlaryň işden çykarylmaga, işiniň ýapylmagyna çydap bilmeýändigini öňe sürýär.

Metbugat azatlygy we başga şertler

15 ýyl bäri “Bähbit” partiýasyny döretjek bolýandygyny aýdýan bäherdenli aktiwist Sazak Durdymyradow biraz başgaça pikirlenýär. Ol prezident Berdimuhamedow syýasy partiýalara ýol açylýandygyny aýdandan soň, öz ýanyna Nebitdagdan, Gumdagdan syýasy partiýa döretmek pikirindäki adamlaryň gelendigini gürrüň berdi.

Graždan aktiwistiniň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde tassyklamagyna görä, kiçiräk syýasy hereketler Maryda-da, Lebapda-da, Balkanda-da, Bäherdende-de bar. Ol bu hereketleriň syýasy partiýa öwrülmegi üçin ýekeje zadyň ýetmeýändigini öňe sürýär.

“Habar beriş serişdelerinde, telewizorda, radioda, gündelik metbugatda çykyş etmäge rugsat berildigi, ors tokaýlarynda ýagyşdan soň kömelegiň köpelşi ýaly, partiýalaram köpeler, bileleşerem, soňra bolsa, ABŞ-daky ýaly, iki sany uly partiýa emeler gelek” diýip, Sazak Durdymyradow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmediň pikirine görä, syýasy partiýalaryň köpelmegi üçin, metbugat azatlygyndan başga, kanunyň işlemegi, graždan jemgyýetiniň bolmagy, adam azatlygy hem gerek. Ol häzir Türkmenistanda bu zatlaryň ýokdugyny aýdýar.

Publisist Bugaýew syýasy partiýalaryň döremegi üçin “halkyň özüniň oýanmalydygyny, jemgyýetiň herekete girmelidigini” belleýär.

Onuň ynanjyna görä, halk öňüne nurana pikirli, aňly-düşünjeli, hakyky ogullar çykmasa, häzirki ýagdaý uzak dowam eder.
XS
SM
MD
LG