Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň gündogarynda 200-e golaý ýarag tabşyryldy


Täjigistanyň gündogarynda ýaraşyk ylaşygyna laýyklykda bikanun toparlaryň wekilleri 200-e golaý ýaragy tabşyrypdyrlar. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrligi habar berýär.

Geçen hepde Dagly-Badakşan regionynda hökümet güýçleri bilen ýaragly adamlaryň arasyndaky çaknyşyklarda 70 töweregi adam ölüpdi. Hökümet ýaragyny tabşyranlaryň amnistiýa düşjekdigini yglan edenden soň, özara çaknyşyklar togtadyldy.

Bu aralykda Täjigistanyň Yslam galkynyş partiýasy hökümet güýçleriniň regionda geçiren operasiýasynda partiýanyň bir agzasynyň öldürilmegi bilen bagly düşündirişleriň berilmegini soraýar.
XS
SM
MD
LG