Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa oýunlary: Badminton boýunça 8 oýunçy bäsleşikden çykaryldy


Halkara Olimpiýa komiteti badminton boýunça 8 oýunçyny oýunda bilkastlaýyn ýeňilenlikde aýyplap, bäsleşikden çykardy.

Günorta Koreýadan, Hytaýdan hem Indoneziýadan Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan badminton boýunça zenan oýunçylary 31-nji iýulda geçirilen oýunlarda ýonekeý ýalňyşlyklary göýberenlerinden soň, oýundan çykaryldy.

Çärýek finala çykan bu oýunçylar, bäsleşikdäki soňky çykyşlaryny aňsatlaşdyrmak maksady bilen, hepdäniň sişenbe güni geçirilen oýunlarda ýeňilmäge synanyşmakda aýyplandylar.

Günorta Koreýanyň treneri dört oýunçysynyň Indoneziýanyň hem Hytaýyň komandalaryna garşy bäsleşikde bilkastlaýyn ýeňilmäge synanyşandyklaryny boýun aldy.

Olimpiýa komitetiniň ahlak kodeksine laýyklykda, sportsmenler hiç bir jähtden bäsleşigiň gidişine, ýa-da onuň netijesine täsir ýetirmäge synanyşmaly däl.
XS
SM
MD
LG