Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Orsýetiň deňiz registri bilen ylalaşyk baglaşdy


Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portunda, 2010-njy ýyl.
Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portunda, 2010-njy ýyl.
Türkmenistanyň Deňiz we derýa transporty boýunça döwlet gullugy 31-nji iýulda Orsýetiň gämi gatnawy boýunça deňiz registri bilen ylalaşyk baglaşdy. Iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara komissiýanyň Moskwada geçirilen 6-njy maslahatynda gol çekilen bu ylalaşykda, gämileriň barlanmagy we deňiz-söwda gatnawyna degişli halkara ylalaşyklara laýyklykda dokumentleşdirilmegi üçin, ygtyýarlyk berilýänligi aýdylýar.

Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa Orsýetiň gämi gatnawy boýunça deňiz registriniň informasion syýasat boýunça dolandyryşynyň başlygy Andreý Fýodorow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda gol çekilen täze ylalaşygyň ygtyýarlyk berýänligi aýdylýar. Bu nämäniň ygtyýarlygy we ol kime berilýär?

Andreý Fýodorow: Gol çekilen ylalaşyga görä, Türkmenistan Orsýetiň gämi gatnawy boýunça deňiz registrine deňiz-söwda gatnawy üçin öz gämileriniň klassifikasiýasyny geçirmäge we bu gämilere sertifikat dokumentini bermäge ygtyýarlyk berýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň agzan bu proseduralaryňyz Türkmenistana näme üçin gerek we muňa nähili zerurlyk bar?

Andreý Fýodorow: Bu halkara deňiz guramasynyň hökmany bir talabydyr. Gäminiň klassifikasiýa prosedurasyndan geçmegi onuň ähli halkara düzgünlerine we deňizdäki howpsuzlyk standartlaryna gabat gelýänligini aňladýar. Şeýle gämi islendik halkara portuna barmak hukugyna eýe bolýar.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin Türkmenistanyň gämileriniň sertifikasiýasyny edil siziň guramaňyz amala aşyrmaly?

Andreý Fýodorow: Biz bu ugurdan Türkmenistan bilen öňden bäri gatnaşyp gelýäris. Baglaşylan ylalaşyk hyzmatdaşlygymyzyň ösüşi üçin nobatdaky basgançakdyr. Biz öň türkmen baýdagynyň astynda gatnaýan gämiler boýunça işi türkmen tarapynyň ýörite ýüzlenmesi esasynda amala aşyrýardyk. Häzirki ylalaşyk biziň hyzmatlarymyzyň doly derejede amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Indi biziň her bir aýratyn obýekt boýunça türkmen tarapy bilen ylalaşmagymyza zerurlyk ýok.

Umuman, bu çäreler häzirki döwürde deňiz gatnawynyň howpsuzlygy, suwda adamlaryň janynyň goralmagy, ýükleriň abatlygynyň üpjün edilmegi we ekologiýanyň howpsuzlygy nukdaýnazaryndan halkara düzgünlerde talap edilýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň guramaňyzyň alyp barýan işleri dünýäde başga guramalar tarapyndan hem ýerine ýetirilýärmi?

Andreý Fýodorow: Şeýle guramalar dünýäde köp. Klassifikasion jemgyýetleriň halkara assosiasiýasy hem bar. Oňa dünýäniň ona golaý iri klassifikasion guramalary girýär. Bu assosiasiýa Loýdyň registry we Weritas býurosy ýaly iri guramalary öz içine alýar. Biziň guramamyz hem şol onluga girýän guramalaryň biridir.

Azatlyk Radiosy: Gol çekilen ylalaşykda Türkmenistanyň ähli gämileriniň klassifikasiýasy göz öňünde tutulýarmy?

Andreý Fýodorow: Bu ýerde diňe graždan gämiler barada gurrüň gidýär. Olaryň arasynda-da söwda gämileri barada. Harby gämiler bolsa düýpden başga mesele, olara ylalaşygyň degişli ýeri ýok.
XS
SM
MD
LG