Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin bilen Kameron Siriýa barada gepleşik geçirdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bilen duşuşýar, London, 2012-nji ýylyň 2-nji awgusty.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bilen duşuşýar, London, 2012-nji ýylyň 2-nji awgusty.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 2-nji awgustda Londonda Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bilen duşuşyp, gepleşik geçirdi. Bu gepleşiklerde esasan Siriýadaky ýagdaý barada gürrüň edildi.

Siriýadaky zorlugy bes etdirmek üçin edilmeli işler barada Orsýet bilen Britaniýanyň pikirleri biri-birinden tapawutlanýar.

Bu duşuşykdan soň Deýwid Kameron Ýakyn Gündogarda ýerleşýän bu ýurtdaky urşy togtatmagyň ýollaryny tapmak meselesinde iki tarapyň garaýşlarynyň deň gelmeýändigini aýtdy.

Ol: "Bärde käbir tapawutlyklar bar" diýdi, ýöne Britaniýanyň premýer-ministri iki ýurduň hem hökümetleriniň bu gandöküşikligi togtatmak isleýändigini belledi.

"Siriýadaky konflikt bilen bagly biziň pozisiýalarymyzyň tapawutlanýandygyna garamazdan, iki tarap hem bu konflikt bes edilip, Siriýanyň durnukly bolandygyny göresi gelýär. Biz daşary işler ministrlerimiz bilen bilelikde şu maksadymyza ýetmek üçin edilmeli işler baradaky diskussiýalarymyzy dowam etdireris" diýip, Kameron aýtdy.

Wladimir Putin hem Siriýadaky gandöküşikligi bes etdirmek üçin iki tarapy hem kanagatlandyrýan ýollary agtarýandyklaryny, bu mesele bilen bagly iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna goşmaça tagalla etmek barada tabşyryk berlendigini aýtdy.

Mundan öň prezident Putiniň maslahatçysy Sergeý Markow "Radio 4" bilen söhbetdeşliginde halkara jemgyýetçiliginiň Siriýadaky hökümete garşy güýçleri goldamagyny Moskwanyň “jogapkärçiliksizlik” diýip hasap edýändigini, sebäbi Assadyň režimine garşy söweşýänleriň käbirleriniň “Al-Kaýda hem radikal yslamçylara çalym edýändigini” aýtdy.

Ol: “Günbataryň Siriýada alyp barýan rasional bolmadyk syýasatyna Orsýet garşylyk görkezmäge synanyşýar” diýdi.

Putiniň Britaniýa sapary Deýwid Kameron bilen geçirilen duşuşyk bilen çäklenmeýär. Ol Olimpiýa oýunlarynda dzýudo boýunça dünýä çempiony Tagir Haibullaýewiň we dünýa çempionatynda kümüş medala eýe bolan zenan Wera Moskalýugyň çykyşlaryna tomaşa etmegi planlaşdyrýar.

Britaniýanyň premýer-ministri hem bu ýaryşlara Putin bilen bile tomaşa etmek isleýändigini aýtdy.

Wladimir Putin bilen geçirilen gepleşiklerden soňra Deýwid Kameron özleriniň Londonda geçýän Olimpiýa oýunlary we 2014-njy ýylda Soçide geçirilmeli gyşky Olimpiýa oýunlary barada gürrüň edendiklerini aýtdy.

Putin soňky gezek Britaniýada 2005-nji ýylda bolupdy. Şonda ol Şotlandiýada geçirilen senagat taýdan ösen 8 ýurduň sammitine gatnaşypdy.

Orsýet bilen Britaniýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar Owganystandaky, Yrakdaky, Liwiýadaky konfliktler sebäpli dartgynly bolmagynda galýar.

Şeýle hem bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara 2006-njy ýylda öňki rus içalysy Aleksandr Litwinenkonyň ölümine Orsýetiň gizlin gulluklarynyň dahylynyň bolmagynyň mümkindigi baradaky şübheler ýaramaz täsirini ýetirdi.
XS
SM
MD
LG