Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportsmeni şahsy rekordyny goýdy


Londonda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde aýallaryň arasynda 100 metre çenli ylgamak ýaryşynda, türkmen atleti Maýsa Rejepowa çykyş etdi. 19 ýaşly Rejepowa özüniň şahsy rekordyny goýup, aralygy 12.80 sekuntda geçdi. Ol umumy hasapda 32 sportsmeniň arasynda 19-njy orny eýeledi.

Şeýle-de anna güni erkekleriň arasynda ýekedaban zyňmak boýunça geçirilen bäsleşike türkmen atleti Mergen Mämmedow ýekedabany 68.39 metre zyňyp, umumy hasapda 38 sportsmeniň arasynda 35-nji ýeri aldy.

Penşenbe güni geçirilen oýunlarda Orsýetiň dýuzdo boýunça dünýä çempiony garşydaşlaryndan üstün çykyp, altyn medaly aldy. ABŞ-nyň basketbol boýunça topary hem täze olimpiýa rekordyny goýdy.

ABŞ-ly ýüzüji Maýkl Phelps 200 metr aralygyna ýüzmek boýunça bäsleşikde Ryan Lochteden üstün çykyp, özüniň 20-nji olimpiýa medalyny aldy. Phelepsiň jemi 16 altyn, iki kümüş we iki bürünç medallary bar.
XS
SM
MD
LG