Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda MTS-iň işi barha erbetleşýär


Özbegistanda MTS-iň işini togtatmak baradaky karardan soň çekilen karikatura. 17-nji iýul, 2012 ý.
Özbegistanda MTS-iň işini togtatmak baradaky karardan soň çekilen karikatura. 17-nji iýul, 2012 ý.

Özbek resmileri Orsýetiň öyjükli telefon aragatnaşyk kompaniýasy MTS-iň Özbegistandaky bölümi – Uzdunrobita edarasyny maliýe jenaýatlarynda aýyplap, onuň işiniň wagtlaýynça togtadylýandygyny mälim etdiler.

Daşkent tarapyndan Uzdunrobita kompaniýasyna bildirilýän aýyplamalaryň arasynda, girdejileri "galp ýollaryň" üsti bilen gizlemek ýaly maddalar hem bar.

Baş prokuratura bu meselä has içginden aralaşyp, Moskwanyň naýbaşy köçeleriniň biri hasaplanýan Gorkiý-8 şaýolunyň ugrunda ýerleşýän kaşaň ýaşaýyş jaýynyň suratlaryny çap etdi. Baş prokuraturanyň maglumatyna görä, şol jaý Uzdunrobita kompaniýasynyň öňki baş dolandyryjysy Bekzod Ahmedowa degişli.

Ahmedow Uzdunrobita bilen bagly dawalar orta çykmanka Özbegistany terk edipdi. Häzir bolsa onuň ady Interpoluň (halkara polisiýa) gözlenýän adamlarynyň sanawyna girizildi.

Özbek resmileriniň berýän maglumatyna laýyklykda, Ahmedow we onuň şärikleri Uzdunrobita kärhanasynyň ýerli we regional bölümleri arkaly Moskwadaky bank hasaplaryna 5.4 million dollar geçiripdirler.

Baş prokuratura Ahmedowyň galp ýollaryň üsti bilen aldy diýilýän pullarynyň möçberini, şeýle-de muny nädip amala aşyrmagy başarandygy baradaky jikme-jik maglumatlary aýan etdi. Bu hem öz gezeginde halk arasyndaky dürli çekeleşmelere sebäp boldy.

Özbegistanyň Maglumat we aragatnaşyk edarasy Uzdunrobita kompaniýasynyň işini 17-nji iýulda wagtlaýynça togtatmazyndan ozal, bu şirket ýurtdaky iň öňdebaryjy mobil operatorlarynyň biridi. Onuň girdejisi hem bu pudakdy peýdanyň 40% töweregini düzendigi nygtalýar.

Kärhananyň işi togtadylmazdan ozal, onuň ençeme ýokary we orta derejeli ýolbaşçylary-da tussag edilipdi. Olaryň arasynda kompaniýanyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Radik Dawudow we onuň maliýe işleri boýunça ýolbaşçysy Temirmälik Alimow dagylaryň hem bardygy aýdylýar.

Özbek resmileri Uzdunrobita kompaniýasynyň alyp baran maliýe işleriniň hem degişli edaralar tarapyndan derňeljekdigini mälim etdiler.

Uzdunrobita kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň tussag edilmeginiň yzýany MTS beýanat ýaýradyp, onda kompaniýanyň işgärlerine esassyz basyşyň edilýändigini belledi.

Dawudow bir aýdan gowrak wagt türme tussaglygynda saklanandan soň, 1-nji awgustda azatlyga goýberilipdi. MTS-iň Jemgyyetçilik bilen aragatnaşyk bolüminiň wekili Waleriýa Kouzmenko 3-nji awgustda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, Dawudow bilen bagly derňewiň dowam edýändigini we onuň Özbegistany terk etmegine rugsadyň berilmeýändigini hem belledi.

Kouzmenkonyň sözlerine görä, Uzdunrobita kärhanasynyň maliýe işleri boýunça ýolbaşçysy Alimow bilen birlikde, kompaniýanyň beýleki üç resmisi heniz hem türme tussaglygynda saklanylýar.

30-njy iýulda kompaniýanyň işini togtatmak baradaky karar ýene-de bir aý möhlet bilen uzaldylypdy.

Kouzmenko MTS-iň tussag edilen işgärleriniň "psihiki basyşlara" sezewar edilyändiklerini aýtdy. Onuň sözlerine görä, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri eger-de kärhananyň resmileri ýöňkelýän aýyplamalary boýun almasalar, onda olaryň öýleriniň dökülip, neşe serişdeleriniň oklanjakdygy bilen haýbat atypdyrlar.

Ýokardaky aýdylanlar MTS kärhanasynyň Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowa 30-njy iýulda ugradan hatynda hem bellenilýär.

MTS tarapyndan iberilen şol hatda, özbek hökümetiniň agzalýan edara garşy alyp barýan ähli çäreleriniň Özbegistanyň konstitusiýasyna we hukuk kadalaryna garşy gelýändigi-de nygtalýar.

Kouzmenko Özbegistanyň kanunçylygyna görä, bular ýaly dawaly işlere degişli lisenziýasy bolan aklawçylaryň gatnaşmagyna rugsadyň berilýändigini aýdýar. Muňa garamazdan, MTS kärhanasynyň aklawçylary tussaglykda saklanylýan işgärlerine elinden gelen kömegi edýändigini hem Kouzemenko sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG