Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak atletleri “altynyň üstünden bardylar”


Altyn şowhuny dabaranyň açylyşyndan bir gün soň, 28-nji iýulda, Aleksandr Winokurowyň (çepde) ýolda tigir sürmek ýaryşynda ýeňmegi bilen başlandy.
Altyn şowhuny dabaranyň açylyşyndan bir gün soň, 28-nji iýulda, Aleksandr Winokurowyň (çepde) ýolda tigir sürmek ýaryşynda ýeňmegi bilen başlandy.
Käbirleri bu üstünlik tejribe, käbirleri berk taýýarlyk we şowlulyk bilen bagly diýseler, beýlekiler bu üstünligiň syryny atyň eti bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne, nähili aýdanyňda-da, Gazagystan 2012-nji Olimpiýa oýunlarynda mifologik “Midas täsirini” galdyrmagy başardy. Edil gadymy grek rowaýatyndaky Midas atly patyşa ýaly gazak komandasy hem Londonda nämä el degirse, şol zat altyna öwrülýän ýaly boldy.

Ýaryşlar başlamazdan öň ýurduň Sport işleri we bedenterbiýe boýunça gullugy gazak atletleriniň azyndan üç altyn medal gazanmagy maksat edinýändigini aýdypdy. Komandanyň käbir güýçli türgenleriniň ýaryşlary entäk geçirilmänkä, gazaklar öz öňünde goýan maksatlaryna bireýýäm ýetdiler.

Gazagystan 6-nji awgusta çenli alty sany altyn medal gazanyp, bu ony Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň arasynda gazanan medallary boýunça sekizinji orna ýetirdi. Komanda 6-njy awgustda öz medallarynyň arasyna bir bürünç medaly hem goşdy.

Altyn şowhuny dabaranyň açylyşyndan bir gün soň, 28-nji iýulda, Aleksandr Winokurowyň ýolda tigir sürmek ýaryşynda ýeňmegi bilen başlandy. Bu üstünligi gazak ştangaçylary dowam etdirdiler.

Gazak ştangaçy zenany Zulfiýe Çinşalo 53 kilogram agyrlykdaky ýaryşda, Maýa Maneza 63 kilogramlyk we Swetlana Podobedowa bolsa 75 kilogramlyk katagoriýada, erkekler komandasynda 94 kilogramlyk katagoriýada Ilýa Ilýin altyn medala eýe boldy. Şeýle-de ýeňil atletika boýunça Olga Rypakowa 5-nji awgustda zenanlaryň üçürdikläp bökmek boýunça ýaryşyny üstünlik bilen tamamlady.

Garaşylmadyk üstünlik

Bu saparky üstünlikler barada gürrüň edilende, bu Gazagystanyň komandasynyň mundan öň hiç haçan ýeňiş sahnasynda bolmandygyny aňlatmaýar. Gazak komandasy 2008-nji ýylda Pekinden iki altyn, dört kümüş we ýedi bürünç medal bilen yzyna dolanypdy. Bu medal sany boýunça Gazagystanyň şol ýaryşlarda 29-njy orna eýe bolanlygyny aňladýardy. Emma bu gezek gazak komandasy şu wagta çenli geçirilen ýaryşlarda eýýäm alty sany altyn medal gazandy.

Gazagystanyň sport žurnalistler bileleşiginiň ýolbaşçysy we Astananyň "Sport" boýunça gazetiniň baş redaktory Nessib Junisbaýyň aýtmagyna görä, “üstünligiň usuly ýönekeý, ýagny tejribe, berk taýýarlyk, pul we arassa täleýden ybarat”.

Junisbaý Londondan telefon arkaly beren maglumatynda, gazak komandasynyň üstünliginde Hudayýň ýardamynyň hem bolandygyna ynanýandygyny aýdyp, “ haçan-da Winokurow ýeňiş gazananda, komandanyň agzalarynyň arasynda Hudaýyň olara kömek edýändigi bilen bagly duýgy dörändigini” nygtady.

"Biz Winokurowdan altyn medala garaşamzokdyk. Sebäbi onuň ýaşy kyrka golaý bolup, ol geçen hepde "Tour de France" ýaryşyny tamamlapdy. Ol ýadawdy, bäsleşigiň hiç bir tapgyryny ýeňip bilmezdi. Biz Winokurowyň Olimpiýa ýaryşyny iň gowy onlugyň ýa-da bäşligiň içinde, belkem iň gowy üçlügiň içinde tamamlar diýip pikir edýärdik. Hiç kim onuň altyn medal utmagyna garaşanokdy. Haçan-da ol altyn medaly alanda, hamala onuň ýeňşi beýlekileri üstünlik keýpine getiren ýaly boldy" diýip, Junisbaý gürrüň berýär.

Tejribe...we pul

Şol bir wagtyň özünde-de tejribe hem kömek eden ýaly görünýär. Meselem, geçen ýyllarda Çinşanlo, Maneza, Rypakowa we Ilýin - bularyň hersi dünýä çempionatynda ýeňiş gazanan ýa-da Aziýa oýunlarynda medala eýe bolan atletlerlerdir.

Aýdylyşyna görä, Gazagystan jomart maliýe höweslendirmeleri bilen hem daşary ýurtly ukyply ýaş türgenlere gazak raýatlygyny hödürlemek arkaly-da öz talantly sportsmenleriniň sanyny artdyrýar.

Meselem, Olimpiýa çempiony Maneza Gazagystanyň goňşusy Gyrgyzystanda dünýä inen, Çinşanlo bolsa doglan ýeri boýunça hytaýly, Podobedowa Gazagystanyň teklibini kabul etmezden ozal dogduk mekany bolan Orsýetiň raýatydy.

Goýlan maýa hem öz netijesini berýär. Junisbaýyň aýtmagyna görä, gazak hökümeti sporta üns berip, ony zerur maliýe serişdeleri, türgenlerini bolsa ökde türgenleşdirijiler bilen üpjün edýär.

"Taýýarlyklarda puluň ullakan rol oýnaýandygy syr däl" diýip, Junisbaý sözüniň üstüne goşýar.

Ştangaçy Ilýin öz altyn medalyny alanyndan gysga wagt soň eden çykyşynda öz kuwwatynyň atyň etine, şeýle hem baýtalyň süýdünden ýasalan hamyrmaýaly önümlere, seresaplylyk bilen taýýarlanan berhizli iýmitlere baglydygyny aýdýar. Ilýin at etini siňdirmek aňsat bolany üçin, onuň "iň gowy iýmitdigine" ynanýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG