Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Içerki zähmet migrantlarynyň sany artýar


Içerki zähmet migrantlarynyň aglaba bölegi paýtagtdaky gurluşyk obýektlerinde işleýärler.
Içerki zähmet migrantlarynyň aglaba bölegi paýtagtdaky gurluşyk obýektlerinde işleýärler.
Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda welaýatlardan Aşgabada iş gözläp gelýän adamlaryň sany artdy. Bu barada statistiki maglumat ýok, emma Aşgabadyň Hitrowka raýonyna aýlansaň, ýagdaýyň şeýledigine göz ýetirmek kyn däl.

Olaryň aglaba bölegi paýtagtdaky gurluşyk obýektlerinde işleýärler. Içerki zähmet migrantlary diýlip atlandyrylýan bu işçi gatlagy paýtagtdaky islendik gurluşyk obýektlerinde görmek bolýar.

Welaýatlardan işlemäge gelýänler kwartiralarda ýa-da tipli hususy ýaşaýyş jaýlarynda birnäçe adam bolup, bileleşip, kireýine ýaşaýarlar. Olar, esasan, şäheri ikä bölüp geçýän demir ýoluň gaýrasyndaky raýonlarda, Hitrowkada ýaşaýarlar. Şol raýonlarda ortaça aýda 50-60 manada kireýine jaý tapyp bolýar.

Şeýle jaýlarda ýaşap, Aşgabatda işleýänlerden birem, özüni Allamyrat diýip tanadan 25 ýaşly daşoguzly gurluşykçy. Allamyrat dagy dört sany obadaşy bilen Hitrowka raýonynda bir otagda aýda adam başyna 50 manada kireýine ýaşaýarlar. Olaryň ýaşaýan otagynda ýaşamak üçin amatlyklar ýok diýen ýaly. Olaryň eşikleri otagyň diwaryna çüýlenen çüýlerde asylgy. Otagyň bir çüňkünde bolsa nahar bişirmek üçin köne elektrik peç goýlupdyr.

Allamyradyň aýtmagyna görä, olarýň ýaşaýan jaýynda ýuwunmak üçin duşam ýok. Emma bu ähli kynçylyklara garamazdan, ol aýda 250 dollar töweregi gazanç edýändigi sebäpli ýagdaýyna şükür edýär.

“50 dollary özüme alyp galýan, galan 200 dollary bolsa maşgalama, Daşoguza iberýärin. Elbetde, 50 dollara Aşgabatda ýaşamak kyn. Ýöne men oglanlar bilen daşyndan ownuk-uşak remont işlerini hem edýärin” diýip, Allamyrat gürrüň berýär.

Propiska düzgüni

Welaýatlardan gelip, paýtagtda işleýänleriň problemasy diňe olaryň ýaşaýş şertleri bilen çäklenmeýär. Propiska düzgüniniň Türkmenistanda henizem saklanyp galýandygy sebäpli, Allamyrat ýaly beýleki welaýatlardan gelen işçileriň köpüsi ýarym legal ýagdaýda işlemäge mejbur bolýarlar.

Sowet döwründen bäri dowam edýän propiska ýa-da ýaşaýan ýeriňde ýazga durmak düzgüni sebäpli, welaýatlardan we obalaradan gelip işleýän adamlar bilen iş berýäniň arasynda köplenç halatda kontrakt hem baglaşylmaýar. Allamyradyň aýtmagyna görä, bu ýagdaý bolsa iş beriji bilen dürli jedelli ýagdaýlar ýüze çykanda, işçileriň hukuksyz bolup galmagyna getirýär.

“Men hem gurluşyk kompaniýasy bilen kontrakt baglaşmadym. Sebäbi Aşgabatda propiskam ýok. Eger aýlyk hakymy bermän goýberseler, etjek alajym ýok. Ýöne, obada iş bolmansoň, şu gurluşyga işlemäge geldim” diýip, daşoguzly Allamyrat gürrüň berýär.

Ýagdaýlary ýarym legal bolansoň, welaýatlardan paýtagta işlemäge gelýän zähmet migrantlary hukuk goraýjy organlaryň hem mydama gözegçiligi astynda bolýarlar. Allamyradyň aýtmagyna görä, welaýatlardan gelenleriň ýaşaýan ýerlerinde jenaýatçylyk bolan halatynda polisiýa işgärleri ilki bilen olaryň yzyna düşýärler.

“Bir zat bolsa, bizden görýärler. Diňe polisiýa işgärleri däl, ýerli ýaşaýjylar hem islendik jenaýatda köplenç bizi günäkärleýärler. Dogry, biziň aramyzda hem her hili adam bar, emma hemme adamy günäkärläp bolmaza...” diýip, Allamyrat aýdýar.

Dürli-dürli kynçylyklara garamazdan, welaýatlardan ýurduň paýtagtyna işlemäge gelýän adamlaryň sany azalanok. Resmi stastika ýogam bolsa, diňe Aşgabada däl, iş gözläp, soňky 3-4 ýyl bäri Hazar deňziniň boýundaky Awaza syýahatçylyk zolagyna barýanlaryňam sanynyň köpelendigi aýdylýar.

Iş gözläp Awaza barýan içerki işçi migrantlaryň hem ýaşaýyş şertleriniň Aşgabatdakydan o diýen tapawutly däldigini işçiler gürrüň berýärler.
XS
SM
MD
LG