Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa: sud Çarlz Zentaýi ekstradisiýa etmezligi karar etdi


Çarşenbe güni Awstraliýanyň Ýokary sudy Ikinji Jahan urşy ýyllarynda uruş jenaýatçylygyny edenlikde aýyplanýan 90 ýaşly Çarlz Zentaýiň Wengriýa ekstradisiýa edilmegine garşy höküm çykardy.

Ikinji Jahan urşy ýyllarynda Wengriýanyň esgeri hökmünde nemes nasistleriniň tarapynda gulluk edenlikde we bir ýewreý oglany öldürenlikde aýyplanýan Çarlz Zentaý öz günäsini ret edip gelýär.

Geçen ýyl Awstraliýanyň şikaýat sudy ony aklanda, ýurduň hökümeti onuň işi boýunça Ýokary suda ýüz tutupdy. Ýokary sud hem çarşenbe güni delilleriň we subutnamalaryň ýeterlik däldigine salgylanyp, Çarlz Zentaýi Wengriýa ekstradisiýa etmekden ýüz öwürdi.
XS
SM
MD
LG