Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Agzaçar sadakalary indi metjitlerde hem berilýär


Türkmenabat şäheriniň Abu Ýusuf metjidinde agzaçar, 2012-nji ýylyň awgust aýy.
Türkmenabat şäheriniň Abu Ýusuf metjidinde agzaçar, 2012-nji ýylyň awgust aýy.
Dindarlaryň arasynda iftar, adaty raýatlaryň arasynda agzaçar diýlip atlandyrylýan sadakalaryň indi Türkmenistanda her maşgalada diýen ýaly berilýänligini görmek bolýar. Şeýle sadakalar Remezan aýynyň dowamynda agşamlyk edilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda dini adatlaryň kem-kemden ornaşyp başlamagy sebäpli, ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat bolan Türkmenistanda soňky ýllaryň dowamynda agzaçar bermek medeniýetinde hem käbir täzelikler göze ilýär.

Agzaçarlar ozal, umuman aýdylanda, öýlerde edilýän bolsa, häzir şeýle üýşmeleňler, uly ile açyk bolar ýaly metjitlerde hem geçirilýär. Agzaçara il arasynda gyzyklanma uly bolansoň, onuň iki ýa üç hojalyk tarapyndan bileleşip berilýän halatlaram bar.

Türkmenabat şäheriniň Abu Ýusuf metjidinde agzaçar, 2012-nji ýylyň awgust aýy.
Türkmenabat şäheriniň Abu Ýusuf metjidinde agzaçar, 2012-nji ýylyň awgust aýy.
Türkmenabat şäheriniň Abu Ýusuf metjidi hem şeýle çäreleriň has uludan guralýan metjitlerinden biri. Aýdylşyna görä, şol metjitde sadaka berýänler, esasan, şäheriň barly adamlary. Däp bolşy ýaly, metjitde agzaçar gün ýaşansoň, azan aýdylmagy bilen başlanýar.

Agzaçardan soň bu çäre ýassy we tarawa namazlary bilen dowam edýär. Adatça, öýlerde geçirilýän bu çäreleriň indi metjitlerde geçirilip başlanmagy barada ilat arasynda hem dürli garaýyşlar bar. 35 ýaşly türkmenabatly dindar Erkiniň aýtmagyna görä, agzaçarlaryň metjitlerde berilmeginiň esasy sebäbi, adamlaryň dini garaýşynyň kämilleşmegi bilen bagly.

“Metjitlere namaz okamana gelýänler dindar adamlar. Olaryň ählisiniň diýen ýaly agzy bekli bolýar. Sadaka berýänler hem sadakany agzy bekli adamlara berjek bolýarlar. Şonuň üçin metjitlerde agzaçar berjekleriň sany köpelýär” diýip, Erkin aýdýar.

Agzaçar ýaly uly sadakalary öýlerinde geçirýänlerem bar, emma ozalkysy bilen deňeşdirilende, soňky döwürlerde öýlerde berilýän agzaçarlarda hem käbir tapawutlar göze ilýär.

Türkmenabatly Erkiniň aýtmagyna görä, şeýle adamlar ýerli mollalar bilen 3-4 gün öňünden gürleşip, Remezan aýynyň pylan gününde şol molla tarapyndan ugradylan agzy bekli adamlary naharlaýarlar.

Agzaçarlaryň metjitlerde berlip başlanmagynyň sebäplerinden ýene biri hem olarda döredilen amatlyklar bilen bagly diýip, Erkin aýdýar: “Welaýatymyzyň metjitleriniň ählisinde diýen ýaly özüniň naharhanalary bar. Ol naharhanalarda bolsa märeke sowmak üçin ähli şertler bar. Arassa agyz suwy, haly-düşekçeler, gap-çanaklar, dürli tagamlary bişirmek üçin niýetlenen gazanlardyr çaý gaýnadylýan gaplar bar”.

Şol bir wagtyň özünde-de, metjitlerde ymamlar bilen bir hatarda, sogap üçin kömek edýän başga adamlaram bolýar, bu hem aýdylyşyna görä, sadakanyň sag-salamat sowulmagyna uly goşant goşýar. Orazasyna we namazyna berk beýleki türkmenabatly bir dindar Abduleziz bu barada şeýle diýdi: “Her bir sowlan märekäniň yzyny ýygnamak ýeňil hasaplananok. Metjitlerde berlen sadakalardan soň dindar ýigitler, aýal-gyzlar sogap üçin sowlan märekäniň yzyny ýygnamaga höwes bilen kömekleşýärler”.
XS
SM
MD
LG