Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurt resmileri sebäpli döreýän ýol dyknyşyklary


Aşgabatda Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugynyň işgäri köçeleriň birini ýapýar.
Aşgabatda Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugynyň işgäri köçeleriň birini ýapýar.

Türkmenistana ýokary derejeli daşary ýurt resmileri sapar eden mahaly, olaryň ulag kerweniniň geçjek şaýollary dolulygyna ýapylyp, bu hem pyýada hem-de ulagyň başyndaky adamlara ençeme kynçylyklary döredýär.

Paýtagt Aşgabatda ikindinara, adamlaryň işinden öýlerine dolanýan wagty, adatdakysyndan has uzyn, ençeme kilometre uzaýan hyryn-dykyn bolup, itnişip duran ulaglary görmek bolýar. Ençeme sagatlap maşyndan çykýan kömürturşy gazlaryna boglup, ýüzlerçe ulagyň dyknyşmagyna ýurda täjik prezidentiniň sapary bilen, paýtagtyň esasy şaýollarynyň ýapylmagy sebäp boldy.

Diňe täjik prezidenti däl, eýsem Türkmenistana ýokary derejeli daşary ýurt resmileri sapara gelende, olaryň kerweniniň geçjek ugrundaky ýollar ençeme sagat öňünden petiklenýär. Bu ugurda alnyp barylýan çärerleriň hem pyýada hem-da ulagyň başyndaky adamlara belli-bir kynçylyklary döredýändigini ýerli ýaşaýjylar belleýärler.

Kynçylyklar

Aşgabatda ýokary derejeli delegasiýa geçýän wagty, aglaba Magtymguly şaýolynyň Bitaraplyk köçesi we Türkmenbaşy şaýoly aralygy, şeýle-de Türkmenbaşy şaýoly bilen Hudaýberdiýew (häzir Atamyrat Nyýazow) köçesine çenli aralygy ýapylýar.

Ýokary derejeli resminiň geçjek ýollaryny eýýäm daň bilen köçe süpürýänçiler tämizläp başlaýarlar.
Ýokary derejeli resminiň geçjek ýollaryny eýýäm daň bilen köçe süpürýänçiler tämizläp başlaýarlar.

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň beren maglumatyna görä, ýokary derejeli resminiň geçjek ýollaryny eýýäm daň bilen köçe süpürýänçiler tämizläp başlaýarlar.

Şaýollaryň ugrunda Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugynyň, eli rasiýaly ýörite gulluklaryň işgärleri peýda bolýarlar. Olar ulag kerweniniň geçmezinden takmynan ýarym sagat öň, şol ýollara beýleki maşynlary goýbermän, olary başga ugra ýollaýarlar, şeýle-de ýoluň gyrasyndaky pyýada adamlary-da kowýarlar.

Aşgabatly ýaşaýjylar howpsuzlyk işgärleriniň adamlara ýowuz daraşýan, paýyş sözlerini aýdýan ýagdaýlarynyň hem seýrek däldigini nygtaýarlar.

Ýerli habarçylarymyzyň maglumatlyna görä, pyýada adamlaryň käbirleri şol ýollaryň ugrundaky binalaryň arkasynda bukulmaga ýa-da ýerasty geçelgelerde kerwen geçip gutarýança garaşmaga mejbur bolýarlar.

Kerweniň geçýän mahaly, ol ýollaryň ugrundaky jaýlaryň penjireleri ýapyk bolup, olardan hiç kime seretmek hem bolmaýar. Munuň üstesine-de resmi delegasiýanyň geçjek ýolunyň ugrundaky we onuň golaýyndaky raýonlarda awtoulaglary goýmak bolmaýar. Şol maşynlaryň aýyrylmagyny eýýäm gije talap edilip başlaýarlar.

Eger-de ulag wagtynda aýrylmasa ony ewakuatora ýükläp äkidýärler.
Eger-de ulag wagtynda aýrylmasa ony ewakuatora ýükläp äkidýärler.

Aşgabadyň Türkmenbaşy şaýolynyň ugrunda ýaşan, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle gürrüň berýär: “Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri gelip maşynlaryňyzy aýryň diýip ala-gopgun turuzýarlar. Olar gündiz gelse ýene-de ýagşy, emma bu köplenç gije ýa-da daňdan sagatlary bolýan bir waka”.

Eger-de maşynyň wagtynda aýrylmasa ony ewakuatora ýükläp äkidýändiklerini hem Bugaýew sözüne goşdy.

Paýtagtyň esasy ýollarynyň ýapylmagy bilen, hereketiň agramy şäheriň beýleki köçelerine düşüp, olarda sagatlara çekýän dykynlar emele gelýär. Aşgabatlylaryň bellemegine görä, resmi delegasiýanyň geçýän mahaly jemgyýetçilik transportynyň hem adatdaky marşruty üýtgedilýär.

Bu aralykda, iş gününiň ahyrynda öýlerine dolanyp barýan aşgabatlylar, ýokary derejeli resminiň geçýändigi sebäpli, petiklenen ýollarda ençeme sagat bäri ulag dyknyşmasynda garaşyp durlar.

XS
SM
MD
LG