Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda NATO-nyň dikuçary heläkçilige uçrady


Owganystanyň günorta-gündogar sebitinde NATO-nyň dikuçary heläkçilige uçrady. Ýaranlyk wakada hiç kime şikeşiň ýetmändigini aýdýar.

Owganystandaky Halkara güýçleriniň metbugat wekili Amy Hession duşenbe güni giçlik dikuçaryň Logar welaýatynda “agyr gonuşy amala aşyrandygyny” aýtdy.

“Talyban” hereketi dikuçary özüniň urup düşürendigini, şeýle-de onuň bortundaky ähli adamy öldürendigini öňe sürdi.

Şu aýyň başynda talyp söweşijileri NATO-nyň başga-da bir dikuçaryny urup, ýere düşürendigini aýdypdy. Kandagar welaýatynda bolan şol heläkçilikde bäş ABŞ-ly gullukçy ölüpdi.

ABŞ-nyň resmileri dikuçara ýaragdan ot açylandygyna meňzemeýändigini bellediler. Emma, bu waka boýunça resmi derňew dowam edýär.
XS
SM
MD
LG