Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen dramaturgy güýzüň aladasynda


Türkmenistanyň Mollanapes adyndaky teatry. Aşgabat, 2011.
Türkmenistanyň Mollanapes adyndaky teatry. Aşgabat, 2011.
Güýz paslyny teatr sungatynyň işgärleri döredijilik aladalary bilen garşy alýarlar. Güýzki teatr möwsümine Orsýetde ýaşaýan türkmen ýazyjysy we dramaturgy Jora Hudaýberdiýew hem uly taýýarlykly gelendigini aýdýar.

Ýigrimiden gowrak drama eserini döreden Jora Hudaýberdiýew “Partlaýyş” romanynyň we ençeme powestleriňdir hekaýalaryň awtorydyr. Onuň drama eserleri Özbegistanyň we Gazagystanyň-da dürli teatrlarynda yzygiderli goýulýar. Azatlyk Radiosy Jora Hudaýberdiýew bilen onuň güýzki planlary barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jora aga, siz öňümizdäki güýzki teatr möwsüminde teatr janköýerlerine näme hödürlemekçi?

J.Hudaýberdiýew: Men täze pýesa ýazdym Ärsarybaba barada. Türkmenlerde ol ady belli magaryfçy bolan. Ol han wezipesini almasa-da, halkyň içinde gaty bir abraýly bolan adam. Gynansak-da, biz, türkmenler öz gowy adamlarymyzy, ýagny ýatlanmaga mynasyp adamlarymyzy köp ýatlap ýöremzok. Bu pýesadaky wakalar 14-nji asyrda, ýagny 1335-1336-njy ýyllarda bolup geçýär.

Azatlyk Radiosy: Pýesaňyzyň sýužeti barada-da gysgajyk gürrüň beräýseňiz.

J.Hudaýberdiýew: Ärsarybaba halkyň içinde sowat ýaýradypdyr, din ýaýradypdyr. Ol mukaddes kitaplardan ýygyndy düzüp we öz kyrk sany düýesini berip, şol ýygyndyny terjime etdiripdir. Ol munuň üçin Ürgençde Şyh-şerif atly terjimeçini tapypdyr.

Yslam dini bizde birbada kabul edilmändir. Çarwadar adamlar, çölüň içinde, sähralykda ýaşap ýören adamlar ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda kabul edipdirler yslam dinini. Araplar gelip, dini kabul etjek adama beripdirler we soňam yzlaryna dolanypdyrlar. Bu ullakan bir dowamly proses bolupdyr. Şuny bilmegimiz gerek.

1336-njy ýylda betbagtçylyklar, gandöküşikli wakalar, konfliktler gaty köp bolupdyr. Asman jisimleriniň bir hili täsin täsirleri bolup, agyr keseller, mergi we beýleki keseller köp ýaýrapdyr. Iň äsasy-da, gaty köp adam ölüpdir, gyrgynçylyk bolupdyr.

Azatlyk Radiosy: Ärsarybabanyň bu wakalar bilen nähili baglanyşygy bolan?

J.Hudaýberdiýew: Mende şeýle pikir bar, ýagny gandöküşikligiň köp bolan ýyly şol 1336-njy ýyl bolmaly. Ärsarybaba-da şonda ýöne ýere urşa girip, söweşde wepat bolýar. Taryhçylar üçin 1336-njy ýyl örän şeýle bir pajygaly tema bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Jora aga, Ärsarybaba baradaky bu pýesaňyzy nirede sahnalaşdyrmagy göz öňünde tutýarsyňyz?

J.Hudaýberdiýew: Dagystanyň bir teatrynyň režissýory bilen meniň aramda bir deslapky gürrüň bolup geçdi. Men oňa özümiň şeýle pýesa ýazandygymy aýtdym. Ol maňa “men seniň pýesalaryňy halaýan. Bu ugurda bir zatlar etjek bolaly” diýdi.

Meniň esasy maksadym, men muny Owganystandaky türkmenler üçin ýazdym. Ol ýerde iki milliondan gowrak türkmen daş asyryndaky ýaly durmuşda ýaşaýar. Öz watandaşlaryma rehimim gelýär-dä.

Olara Türkmenistan mekdep gurup beripdir diýen maglumatlar bar. Ýöne olara mekdepdenem öňürti sungat bermek gerek. Sungat ylma ýol açýar. Halka sungat berseň, onuň bilim almasam ýeňil bolýar. Meniň arzuwym, adamlar şuňa düşünseler we şu inisiatiwany goldasalar.

Spektaklda personažlar köp bolmaly, 20-30 töweregi adam. Ärsarybabany halksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Eger Dagystandan gastrol bilen gidip bolmasa, onda şony bir telespektakl edip görkezsek, gowy bolardy. Men şol daş asyrynda ýaşap ýören watandaşlarymyzyň aladasyny edýärin.
XS
SM
MD
LG