Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň syýasatynda täze oýunçynyň sessizligi


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyny döretmek boýunça gurultaýyň geçirilýän pursady. Aşgabat, 21-nji awgust, 2012.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyny döretmek boýunça gurultaýyň geçirilýän pursady. Aşgabat, 21-nji awgust, 2012.
21-nji awgustda Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Demokratik partiýasyna ilkinji resmi bäsdeş bolan Senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredildi.

Ondan bäri aradan ep-esli wagt geçse-de, täze partiýa ýolbaşçy edilip saýlanan adam barada bilinmeýän zat gaty köp. Biz hatda onuň suratyny-da tapyp bilemzok.

Berdimuhamedowyň saýasynda

Bu täze partiýanyň garaşsyzdygy barada-da, elbetde, dürli soraglar bar. Şeýle soraglara sebäp bolýan zatlardan birem partiýanyň döredilmegine ak pata berenleriň prezident Berdimuhamedowyň ägirt uly suratynyň saýasynda oturandyklary bilen bagly.

Berdimuhamedowa bolan wepalylygyň dürli alamatlarynyň bardygyna garamazdan, Aşgabatda geçirilen bu çäre adaty syýasy duşuşygy ýatladýardy.

Gurultaýda partiýanyň dolandyryjy komitetiniň agzalary saýlanandan soň, olaryň teklibi esasynda “bilermen” Orazmämmet Mämmedow partiýanyň başlygy wezipesine teklip edildi.

Orazmämmet Mämmedow özüniň ýurduň resmi taýdan sanawa alnan ilkinji oppozisiýa partiýasyna yolbaşçy edilip bellenmegine buýsanýan bolmagy-da mümkin, emma onuň şeýledigini takyk aýtmak kyn. Partiýanyň gurultaýynda eden gysgajyk çykyşy diýäýmeseň, ol halk köpçüliginiň öňünde täze wezipesi barada hiç zat aýtmady.

Baş ştabda-da maglumat ýok

Aslynda jenap Mämmedow barada bilinmeýän zatlar başga-da gaty köp. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy türkmen syýasatyndaky bu täze oýunçy barada maglumat gözläp, Aşgabatda ýerleşýän Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň baş ştabyna-da bardy.

Bu bileleşik tarapyndan döredilen täze partiýanyň baş ştaby, şeýle hem onuň “Rysgal” atly hepdelik gazeti –ählisi bir binada ýerleşýär. Emma, muňa garamazdan, bu täze partiýa bilen bagly soraglara welin ol ýerden jogap tapyp bolmady.

Radionyň habarçysy täze partiýanyň başlygynyň terjimehaly ýaly ýönekeý zatlar barada maglumat soranynda-da, munuň üçin partiýanyň baş ofisine ýüz tutmalydygyny aýdypdyrlar. Başlygyň ofisi şol korridoryň ugrunda bolsa-da, onuň gapysy ýapyk eken, sebäbi partiýanyň “ähli” agzalary dürli ýygnaklara gatnaşmak üçin, ofisi gulplap, daşaryk çykypdyrlar.

Emma bileleşigiň wekilleriniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, Orazmämmet Mämmedow baradaky maglumatlar “Rysgal” gazetiniň 27-nji awgustda çap ediljek nusgasynda halk köpcüligine ýetirilmeli edilipdir. Emma gazetiň 27-nji awgustyndaky sanynda partiýa barada umumy maglumat çap edilip, onuň lideri barada hiç zat ýazylmandyr.

Edil häzirki döwürde Orazmämmet Mämmedow barada bilýän zatlarymyz diňe şulardan ybarat: onuň ýaşy 30-35 aralygynda, Türkmen Döwlet uniwersitetinde mugallymçylygy gutaryp, haýsydyr bir mekdepde sapak okadypdyr. Şeýle-de, ol senagat ulgamy boyunça “bilermen” bolmaly.
XS
SM
MD
LG