Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerim agany ýatladýan güýzüň ilkinji güni


Kerim Gurbannepesowyň Aşgabadyň eteginde ýerleşýän mazarystanlykdaky gubury.
Kerim Gurbannepesowyň Aşgabadyň eteginde ýerleşýän mazarystanlykdaky gubury.
1-nji sentýabr diýlende bilim ojagy mekdep, millete sowat öwredýän mugallym hem kitap ýadyňa düşýär. Şeýle düşünjeleri belli bir derejede özünde jemleýän adamlardan birem şahyr Kerim Gurbannepesow bolsa gerek.

Kerim Gurbannepesow bütin ömrüne öz halkynyň aň-bilimli, sowatly bolmagy ugrunda alada etdi. Bu meselä ol öz eserlerinde we dürli çykyşlarynda kän üns beripdi. Şahyr 1-nji sentýabrda (1988-nji ýylda), bilimler gününde-de biziň aramyzdan gitdi.

Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň 1-nji Gökdepe obasynda dünýä indi. Ol oba mekdebinde bilim aldy.

Ol gaty kiçikä, entek 10 ýaşynda onuň ilkinji goşgusy “Kolhozçy sesi” gazetinde çap bolupdy. Ikinji Jahan Urşy ýyllarynda ol has öndümli iläpdi. Kerim Gurbannepesowyň ilkinji goşgular ýygyndysy 1952-nji ýylda çapdan çykdy. 1957-nji ýylda çap bolan “Taýmaz baba” poemasy şahyra örän uly meşhurlyk getiripdi.

Ol “Ata we ogul”, “Kyrk”, “Aýal bagşy”, “Gumdan tapylan ýürek” we köpsanly beýleki poemalaryň awtorydyr. Ol ençeme poetiki eserleri döretdi. Olardan “Oýlanma baýry”, “Sary gapy”, “Wepa”, “Uly mazaryň basujunda”, “Jeza”, “Ýazmasy agyr düsen gosgy”, “Döwür beýle däl”, “Ýaşlyk dramasy” ýaly eserleri aýratyn şöhrada eýe boldy.

Şahyr dünýä poeziýasynyň nusgalaryndan jemläp “Dostluk çemeni” ady bilen terjimeler kitabyny-da taýýarlapdy. Ol poeziýa hem döwür baradaky pikir-hyýallaryny özünde jemleýän “Tomus ýazgylary” we “Güýz ýazgylary” atly proza ýazgylaryny ýazdy. Kerim Gurbannepesowyň goşgularyna ençeme aýdym hem sahna eserleri döredildi.

Ol Türkmenistanyň Halk ýazyjysy hem Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi.

Kerim Gurbannepesowyň milletiň sowatlylyk derejesine ýetiren düýpli täsirleri barada Azatlyk Radiosy Türkmensähra türkmenlerinden bolan onuň poeziýasynyň janköýeri Şapur bilen söhbetdeş boldy.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:59 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG