Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran ýadro kärhanalaryna zyýan ýetirilendigini aýdýar


Eýranyň Atom energiýasy guramasynyn başlygy zyýankeşleriň Eýranyň uran baýlaşdyrýan kärhanalaryna zyýan ýetirmäge synanyp, olaryň elektrik liniýalaryny bombalandyklaryny aýtdy.

Fereýdun Abbasi-Dawani duşenbe güni Halkara atom energiýasy gullugynyň Wenada bolan ýygnagynda 17-nji awgustda Fordowdaky uran baýlaşdyrýan kompleksiň togunyň partlamalar netijesinde kesilendigini aýtdy.

Ol bu partlamalaryň BMG-niň inspektorlary Fordowda öňünden aýdylmadyk barlagyň geçirilmegini talap edenlerinden bir gün öň bolandygyny aýtdy.

Ol Natanz kärhanasynyň hem togunyň kesilendigini aýtdy.

Abbasi BMG-niň Atom energiýasy gullugyna terrorçylaryň we zyýankeşleriň sümüp giren bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürdi. HAEG Eýranyň ýadro ýaragyny edinmekçi bolýandygy barada aýdylýanlar boýunça derňew geçirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG