Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany Yslama garşy wideo sebäpli YouTube saýtyny petikleýär


Yslama garşy döredilen wideo sýužete tomaşa edilmez ýaly Saud Arabystany YouTube saýtyny petikleýär.

Resmi Saud metbugat agentliginiň maglumatyna görä, ýurduň patyşalygy ABŞ-da döredilen we Muhammet pygambere dil ýetirýän wideonyň ähli salgylaryny baglamaklygy sorap, YouTube saýtynyň eýesi Google kompaniýasyna ýüz tutupdyr.

Google bu wideo sebäpli bidüzgünçilikleriň ýüz beren ýurtlary bolan Liwiýada we Müsürde, şeýle hem wideonyň kanuny bozýan ýurtlary hasaplanýan Indoneziýada we Hindistanda wideonyň salgylaryny baglady.
XS
SM
MD
LG