Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ors we gyrgyz prezidentleri harby baza meselesini maslahatlaşýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepde) Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew bilen, Bişkek, 20-nji sentýabr, 2012.
Orsýetiň Gyrgyzystandaky harby bazasanyň geljegi barada prezident Wladimir Putin penşenbe güni Bişkegiň eteginde Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşygynda maslahat etdi.

Duşuşykdan soň Almazbek Atambaýew bilen bilelikde geçiren metbugat konferensiýasynda Wladimir Putin Orsýetiň Gyrgyzystandaky we goňşy Täjigistandaky bazalarynyň bu iki ýurtda, umuman bütin Merkezi Aziýada “asudalygy saklaýjy faktor” bolup durýandygyny aýtdy.

Putin: "Gyrgyzystanyň territoriýasyna terrorçy toparlaryň hüjüminden söň bu ýerde [Orsýetiň harby bazasyny] döredipdik. Şonda Gyrgyzystanyň ýolbaşçylary neşe akymynyň we ekstremizmiň Gyrgyzystana aralaşmagynyň öňüni alyp biljek harby berkitmäni döretmegini sorap, Orsýete ýüzlenipdiler. Şol wagt biz ony amala aşyrdyk, häzir bolsa biz onuň mundan beýläk işlemegi barada ylalaşyga geldik”.

Putiniň Gyrgyzystana barmazynyň öň ýany Orsýetiň mediasy Bişkekden 40 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kant harby bazasyny Orsýetiň ulanmagy baradaky şertnamanyň taýýar edilendigini habar berdi.

Rus mediasynyň maglumatlaryna görä, 2003-nji ýylda baglaşylan başky şertnamada görkezilişi ýaly harby bazany ulanmak üçin kireýiň möçberi ýylda $4.5 million bolar.

Gepleşiklerden soň eden çykyşynda Atambaýew “beýik Orsýet döwleti” bilen hyzmatdaşlygyň Gyrgyzystan üçin örän möhümdigini aýtdy.

Biziň geljegimiz diňe beýik Orsýet döwleti bilen strategiki hyzmatdaşlykda we birlikde bolar”.
Almazbek Atambaýew

Atambaýew: “Elbet-de, Orsýetsiz biziň aýratyn geljegimiziň bolmajakdygyna men ynanýaryn. Biziň geljegimiz diňe beýik Orsýet döwleti bilen strategiki hyzmatdaşlykda we birlikde bolar”.

Iki prezidentiň duşuşygynda Gyrgyzystanyň Orsýete $489 million möçberdäki bergisini 2016-njy ýylyň mart aýyna çenli geçmek barada dokumente gol goýuldy.

Iki prezidentiň gatnaşmagyndaky metbugat konferensiýasynda ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky bazasy barada mesele hem gozgaldy.

Atambaýew ABŞ-nyň Owganystandaky güýçleri üçin tranzit merkezi bolup hyzmat edýän Manas bazasynyň ýapyljakdygyny aýtdy. Putin bilen Atambaýewiň gol goýan dokumentinde ABŞ-nyň bazany kireýine ulanmak baradaky şertnamasy 2014-nji ýylda tamamlanandan soň “Manas tranzit merkeziniň harby bazadan graždan desga öwrüljekdigi” aýdylýar.

Şeýle hem, Putin bilen Atambaýew Gyrgyzystanda gidro-elektrostansiýalaryň toplumyny gurmak boýunça sowet döwründe başlanan işleri tamamlamaga Orsýetiň kompaniýalarynyň ýardamy barada ylalaşdylar.

Energetika ministrleri Naryn gidro-elektrostansiýasynyň kaskadynyň we Kambar-Ata stansiýasynyň gurluşygy boýunça işi tamamlamak barada ylalaşdylar, ýöne Putin bu işiň möhletiniň belli edilmändigini nygtady.

Gyrgyzystanyň gidro-elektrostansiýalarynyň toplumynyň Özbegistanyň we Täjigistanyň oba hojalygyna oňaýsyz täsir ýetirjekdigi barada alada bildirýan goňşy iki döwletiň bu proýekte gatnaşyp biljekdiklerini Putin aýtdy we onuň bu iki ýurduň oba hojalygyna zeper ýetirmejekdigini öňe sürdi.

Putin Orsýeti, Gazagystany we Belorusy öz içine alýan Gümrük bileleşigine, şeýle hem Bütewi ykdysady giňişligine goşulmagyna Gyrgyzystana kömek berjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG