Çingiz Aýtmatowyň Peredelkinodaky jaýy ýazyjynyň bu ýere 1988-nji ýylda baraly bäri az üýtgäpdi.
Sosna, kerkaw we bereza agaçlarynyň kölegesinde duran agaçdan gurulan kaşaň jaý 1930-njy ýyllarda Iosif Staliniň Sowet Soýuzynyň baş ýazyjylary üçin esaslandyran Peredelkino poselogynyň iň gymmatly jaýlarynyň biri.
Aýtmatowyň garyndaşlary bu taryhy binanyň howp astyndadygyny aýdýarlar.
Olar bu jaýyň Aýtmatowyň maşgalasynyň elinden alynyp, täze gymmatbaha kotedžleriň gurluşygyna ýol açmak üçin ýok edilmeginden howatyrlanýarlar.
Sowet Soýuzy dargaly bäri bu ýerde gymmatbaha modern jaýlaryň sany gitdigiçe köpelýär.
Çingiz Aýtmatowyň gelini Gözel Aýtmatowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Meniň pikirimçe olaryň esasy maksady jaýy ýykyp, ýeri satmak. Çingiz Aýtmatow halkara derejesinde meşgur adamdy. Olaryň wagtyň geçmegi bilen Aýtmatow barada ýatlamalaryň gowşamagyna garaşan bolmaklary ähtimal”.
2008-nji ýylda aradan çykan Aýtmatow Peredelkinoda 20 ýyl ýaşady.
Onuň ýaşan jaýy we jaýyň ýerleşýän ýeri, Halkara edebiýat fonduna degişli. Sowet Soýuzy dargansoň Peredelkino bu fondyň eýeçiligine geçipdi.
Dawaly mesele
Fond Aýtmatowyň jaýyny yzyna almaga kanun taýdan hakynyň bardygyny belleýär we ölüminden soň bu jaýyň garyndaşlaryndan alynmagyna Aýtmatowyň özüniň razy bolanlygyny aýdýar.
Fondyň başlygy Iwan Perewerziniň sözlerine görä, Halkara edebiýat fondynyň ýolbaşçylary ençeme sapar arza bilen suda ýüzlenripdir. Perewerzin Aýtmatowyň garyndaşlarynyň “ýakyn hossarynyň adyny hyýanatçylykly peýdalanyp, Peredelkinoda bikanun ýaşaýandyklaryny” bellemek bilen, suduň olaryň jaýdan çykarylmagy boýunça höküm çykarandygyny aýtdy.
Emma Aýtmatowa sud diňlenişiginiň maşgalany habarly etmän geçirilenligini aýdýar. Şeýle-de ol fondyň poseloga eýe çykmagynyň kanuna laýyk bolanlygyna hem şübhe bildirýär.
Moskwanyň tiz ýaýbaňlanmagy Peredelkinodaky emlägiň bahalarynyň galmagyna getirýär. Ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi Halkara edebiýat fondunyň ýolbaşçylarynyň korrumpirlenen häkimiýetler bilen dilleşip, Peredelkinodaky emläkleri satyp peýda görýändiklerini çak edýärler.
Medeni miras
Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky Jemgyýetçilik Palatasy Aýtmatowlar maşgalasy bilen Halkara edebiýat fondunyň arasynda araçy bolup çykyş edýär. Bu edara Aýtmatowyň ýaşan jaýynda onuň muzeýini döretmek baradaky ideýany goldaýar.
Ençeme jaýlar medeni miras hökmünde muzeýe öwrülipdi, bu jaýlarda ýazyjylar Boris Pasternak, Ýewgeniý Ýewtuşenko, aýdymçy Bulat Okudžawa we çagalaryň şahyry Korneý Çukowskiý ýaşapdy.