Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MTS-iň hyzmatlaryna garaşylan uly gyzyklanma döremedi



30-njy awgustda MTS kompaniýasy öz işini ýaňadan başlandan bäri, onuň setine 700 müňden gowrak abonentleriň birikdirilendigi barada habar berlipdi.
30-njy awgustda MTS kompaniýasy öz işini ýaňadan başlandan bäri, onuň setine 700 müňden gowrak abonentleriň birikdirilendigi barada habar berlipdi.
1-nji oktýabrdan Orsýetiň MTS kompaniýasy, öň aýdylşy ýaly, öz müşderilerine täze SIM kartlary berip başlady.

Häzir MTS kompaniýasynyň iki sany tarif plany hereket edýär. Olaryň biri “MTS Ýönekeý”, beýlekisi “Super 0” tarif planlarydyr. Emma ilat arasynda garaşylan gyzyklanma döremedi. MTS kompaniýasynyň hyzmat ediş ofislerinde uzyn nobatlar emele gelmedi.

30-njy awgustda MTS kompaniýasy öz işini ýaňadan başlandan bäri, onuň setine 700 müňden gowrak abonentleriň birikdirilendigi barada habar berlipdi. Emma 1-nji oktýabrda täze SIM kartlary näçe adamyň satyn alandygy barada heniz maglumat ýok.

MTS kompaniýasynyň “Parahat” mikroraýonynda ýerleşýän bazardaky hyzmat ediş ofisiniň işgäriniň aýtmagyna görä, 1-nji oktýabrda 15 adama SIM kart satylypdyr. Aşgabadyň Garadaşaýak obasyndaky MTS kompaniýasynyň ofisinde hem şol ofisiň bir işgärinden başga adam ýokdy.

Paýtagtyň beýleki MTS hyzmat ediş ofislerinde hem ýagdaý tapawutly däldi. "Sebäbi adamlar entek öwrenişenoklar" diýip, MTS kompaniýasynyň adynyň efirde tutulmagyny islemedik işgäri aýdýar.

Bu ýagdaýyň sebäbi barada ilat arasynda dürli-dürli çaklamalardyr pikirler bar. Aşgabatly internet ulanyjy Rahmanyň pikiriçe, MTS-iň häzirki hödürleýän hyzmatlarynyň bahasy onuň bäsdeşi "Altyn Asyryňkydan" gymmadyrak.

"MTS-iň internet aragatnaşygynyň trafiginiň 1 MB-si üçin 20 teňňe tölemeli. Özi-de 2G internet. "Altyn Asyryň" 3G internediniň 1MB-si üçin bolsa 7 teňňe tölemeli. MTS-iň çykyş jaňlary babatynda hem ýagdaý şeýleräk" diýip, Rahman MTS kompaniýasynyň hyzmatlarynyň gymmatlygy zerarly müşderileriň entek "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hyzmatlaryndan peýdalanmagy amatly görýändiklerini aýdýar.

Bäsdeşlik

MTS kompaniýasynyň täze SIM kartlaryny berip başlamagyna sanlyja günler galan mahaly, bu kompaniýanyň bäsdeşi "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kärhanasy bir SIM kart alan müşderisine ikinjisini mugt berip başlapdy. Indi, "Altyn Asyryň" hyzmat ediş nokatlarynda 5 manat töläp iki sany SIM kart alyp bolýar. Müşderiniň tölän 5 manady bolsa SIM kartlaryň biriniň hasabynda galýar.

"Altyn Asyryň soňky 1-2 aýyň dowamyndaky edýän tagallalaryna indi ilat öwrenişip barýar. MTS gelensoň, indi adamlaryň saýlamaga mümkinçilikleri döredi. Garaz, indi adamlar bir prowaýdere bagly däl. Bäsdeşlik bolsa müşderi özüni arkaýyn duýýar" diýip, Rahman aýdýar.

MTS kompaniýasynyň hyzmat ediş ofisiniň işgärinden kompaniýanyň işleriniň häzirki ýagdaýlary barada soranymda, ol hem işleriň entek garaşylýan netijeleri bermeýändigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, munuň sebäbi kompaniýanyň häzirlikçe öz işini öňkisi ýaly doly möçberde dikeltmändigi bilen bagly. "Entek hyzmat ediş ofisleri hem az. Käbir tehniki näsazlyklar hem aradan aýrylanok" diýip, ol aýtdy.

MTS-iň işinde tehniki bökdençlikleriň bardygyny käbir raýatlar hem aýdýarlar. Bu bökdençlikleriň "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň işindäki tehniki näsazlyklara meňzeşdigi aýdylýar.

"1-nji oktýabrda täze SIM kartlar berlende birikdirilimek üçin 15 minut garaşmaly boldum. Sistema işlänok diýdiler. Käbir raýonlarda MTS-iň aragatnaşygynyň hili-de pes" diýip, Aşagabadyň Hitrowka diýlip atlandyrylýan raýonyň ýaşaýjysy Kakamyrat gürrüň berdi.

Häzirki türkmen mobil aragatnaşyk bazaryndaky emele gelen ýagdaýdan lapykeç bolýan müşderiler hem ýok däl.

"Daşary ýurtlardaky ýaly birnäçe kompaniýalar işlese has gowy bolardy. Häzir biz ýene-de öňki iki sany prowaýdere bagly bolup galýarys" diýip, aşgabatly 36 ýaşly Batyr aýdýar. "Olaryň biriniň hödürleýän hyzmatlarynyň bahasy arzan bolup, hili pes. Beýlekisiniň hödürleýän hyzmatlarynyň hiliniň ýokary boljagy şübhesiz. Emma şol hyzmatlarynyň bahalarynyň hem gymmat boljakdygy ikiuçsyz".

Emma 30-njy awgustda MTS kompaniýasynyň işläp başlamagy bilen ýurtda mobil aragatnaşyk hem-de internet hyzmatlarynyň nyrhlarynyň arzanlajakdygyna hem-de hödürlenýän hyzmatlaryň hiliniň gowulanjakdygyna umyt edýän türkmenistanlylar az däl. "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň täze tarif planlaryny we hyzmatlaryny girizmegine bolsa bu umydyň esassyz däldigini görkezýän bir mysal hökmünde garalýar.
XS
SM
MD
LG