Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Altyn känine garşy protest zorluga ýazdy


Gyrgyzystan: Altyn känine garşy protest zorluga ýazdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:20 0:00

“Ata-Jurt” partiýasynyň lideri Kamçybek Taşiýew demonstrasiýa goşulyp, ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözüp biljegini aýtdy.

Çarşenbe güni Bişkekde müňden gowrak adam parlamentiň jaýyna girjek bolup, howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdy.

Protestçiler Gyrgyzystanda işleýän iň uly altyn käni kompaniýasynyň millileşdirilmegine çagyrdylar.

Ýurduň demirgazygyndaky Kumtor altyn känine düýbi Torontoda ýerleşýän “Centerra” altyn komaniýasy eýeçilik edýär. Kumtor altyn käni öňki ýyllarda zäherli maddalaryň ýaýramagynyň bir çeşmesi bolupdy.

“Centerra” soňky üç aýda öz salgyt töleglerini azaltmak üçin hasapçylyk mekirliklerine ýüz urmakda hem aýyplanýar, emma kompaniýa bu aýdylýanlary ret edýär.

"Ata-Jurt" ýagdaýy üýtgetjegini aýdýar

“Ata-Jurt” partiýasynyň lideri Kamçybek Taşiýew çarşenbe güni demonstrasiýaçylara goşulyp, özüniň we öz tarapdarlarynyň Kumtoruň töweregindäki ýagdaýy üýtgedip, ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan beýleki meselelerini hem çözüp biljegini aýtdy.

"Kumtory başga hiç kim däl, döwlet dolandyrmaly. Öz syýasatymyzy kesgitlemek we döwlet gurmak üçin biz häkimiýeti öz elimize almaly. Ol ýerde diňe şondan soň özgeriş bolar" diýip, Taşiýew aýtdy.

Taşiýew demonstrasiýaçylary hökümeti agdarmaga çagyrdy.

"Çingiz han häkimiýeti diňe öz 17 oglunyň kömegi bilen aldy. Biz näme üçin bu ýere häkimiýeti almak üçin 10 müň adam getirmeli? Näme üçin biz häkimiýeti almak üçin 20 müň adam getirmeli? Biz beýle etmeli däl. Eger zerur bolsa, biz häzir gidip, häkimiýeti alyp bileris. Biz ony almaly! Biz ony almaly! Biz ony almaly!"

Howpsuzlyk güýçleri protestçileriň parlament binasynyň haýatlaryndan aşmagynyň öňüni almak üçin göz ýaşardyjy gaz we itleri ulandylar. 50 çemesi protestçi, şol sanda Taşiýew içeri girmegi başardy. Emma gyrgyz höwpsuzlyk güýçleri, polisiýanyň kömege ýetişmegi bilen, olary kowup çykardy.

Üç adama ok ýarasy düşdi

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrliginiň resmisi Azatlyk Radiosyna proteste gatnaşan iki erkegiň we bir aýalyň ok ýarasy zerarly hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy. Başga ýaralar zerarly hassahana eltilen protestçileriň sany ýedä ýetdi. Bu on hassanyň hiç biriniň jany howp astynda däl.

Gyrgyzystanyň içeri işler ministri Zarylbek Ryzalyýew Azatlyk Radiosyna polisiýa bilen howpsuzlyk güýçleriniň ýagdaýy kontrol astyna alandygyny, käbir protestçileriň bolsa tussag edilendigini aýtdy. Emma ol tutulan adamlaryň sanyny aýtmady.

Ryzalyýewiň sözlerine görä, Taşiýewiň tussag edilip-edilmezlik meselesi ýurduň baş prokurory tarapyndan çözüler. Taşiýew parlamentde öz partiýa toparyna ýolbaşçylyk edýär we jenaýat jogapkärçiligine çekilmezlik hukugyndan peýdalanýar.

Taşiýewiň milletçi oppozision partiýasynyň goldawçylarynyň köpüsi ýurduň günortasyna, 2010-njy ýylda ýerli özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda ganly etniki çaknyşyklaryň bolan ýerine degişli.

Taşiýew we onuň tarapdarlary soňky aýlarda hökümeti gitdigiçe berk tankyt edýärdiler.
XS
SM
MD
LG