Balkan welaýatynyň Gözli-Ata hem-de Gaýtarmyş-Ata gonamçylyklarynyň ýerleşýän ýerleriniň özboluşly, täsin tebigaty bar. Bu ýerlere ýylyň bütin dowamynda, zyýaratçylardan başga-da, ýurt içinden hem, hatda daşary ýurtlardan hem syýahatçylar gelýärler. Bu ýerleriň tebigatynyň täsinlikleri bir göreni özüne çekýär.