Antaliýada üç aýlap ýitirim bolan gyrgyz aýalynyň jesedi tokaýda tapyldy. Stambulda zibil gaplaryndan birnäçe zenanyň jesedi çykdy. Türkiýede resmi däl ýagdaýda işleýän we sesi eşidilmeýän migrant aýallary kim goraýar? Wideo: Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy
Öňki we häzirki suratlar Täjigistanyň paýtagtynda uly depgin bilen alnyp barylýan ozaldan duran jaýlary ýykmak we täzelerini galdyrmak boýunça gurluşyk kampaniýasyny görkezýär. Bu üýtgeşmeler sebäpli käbir ýerli ýaşaýjylar öz şäherlerini tanap bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Rus raketasy bäş gatly binanyň bir bölegini weýran etdi. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek boýunça işler dowam edýär
4-nji iýunda çap bolan täze emeli hemra suratlarynda üç gün ozal Ukrainanyň pilotsyz uçarlar arkaly eden howa zarbasynyň nyşany bolan Belaýa we Olenýa howa bazalarynda rus uçarlaryna ýeten zeper görkezilýär.
Azatlyga gelip gowşan bir sosial media wideosy Türkmenistanda bolup geçýän köpçülikleýin mal ölümleriniň gerimini görkezýär. Bu wideonyň anyk haýsy welaýatda düşürilendigini anyklap bolmady. Şeýle-de, Azatlyk ätiýaçdan wideonyň sesini hem aýyrdy. Awtor türkmençe gürläp, wideony suratlandyrýar.
Türkmenistanyň hökümeti birnäçe ýyl bäri ýurduň daşyna çykýan walýutany we halkara bank transaksiýalaryny berk gözegçilikde saklaýar. Bu çäklendirmeler türkmen migrantlarynyň ýurtdaky hossarlaryna resmi ýollar bilen pul ugratmagyny kynlaşdyrýar. Wideo: “Migrant Media” #MigrantMediaCentralAsia
Türkmenabadyň bazarlarynda döwlete degişli söwda nokatlarynda satylýan ösümlik ýagynyň hyrydary köpelýär. Günebakar ýagy bazar nyrhyndan biraz arzan satynlanda nobatlarda dartgynlylyk artýar. Hökümet ýag gytçylygynyň sebäbini düşündirmeýär.
Türkmenistanyň gazak asylly raýaty Nasiba Esenowa Türkmenistanda ençeme ýyl yhlasly işländigine garamazdan, ýerli häkimiýetleriň garyndaşparazlygy zerarly, bikanun işden boşadylanlygyny aýdýar. Wideo: “Migrant Media” #MigrantMediaCentralAsia
Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, häzirki wagtda Türkiýede zähmet migrasiýasynda bolýan Gülälek 2023-nji ýylyň tomsunda 20 ýaşynyň içinde gümürtik şertlerde Aşgabatda heläk bolan gyzynyň ölüminiň derňelmegini talap edip, adalat göreşini dowam etdirýär. Wideo: “Migrant Media”
Migrasiýa maslahatçysy Özjan Oruç türkmen migrantlarynyň Türkiýede durumlaryny kanunylaşdyrmaklaryna ýardam berýär. Ol türkmenistanlylaryň nädip öz watandaşlaryny aldawa salyp, soňy bilen galplaşdyrylandygy äşgär bolýan migrasiýa resminamalaryny satýandyklary barada gürrüň berdi. "Migrant Media"
Nurmuhammet Hanamow 20 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň häkimiýetleriniň garşysynda durýar. Ol Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik ýyllarynda ýurduň Türkiýedäki ilçisi boldy. Hanamow 2002-nji ýylda oppozisiýa geçýändigini yglan etdi.
Ýene-de ýükle